Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Geçmişiň tektoniki hereketlerini dikeltmegiň usullary
Ýazylan wagty: 14 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Geçmişiň tektoniki hereketlerini dikeltmegiň usullary.
Tektoniki hereketler, ýeriň keşlini üýtgetýan geologiki prosesleriň ösmeginiň wajyp faktorlarynyň biri bolyp durýar.
Olar: deňizleriň transgresiýalaryna we regresiýalaryna getirýan haýal göterilmeleriňçökmeleriň görnüşinde; beýik dag massiwlarynyň we çuňňur çöketlikleriň emele gelmegi bilen bilelikde ýer gabygynyň epilmesi görnüşinde; weýran ediji ýer titremeleri görnüşinde (olar ýer gabygynyň bloklarynyň dikligine we keseligine ep-esli süýşmegine getirýän, jaýryklaryň emele gelmegi bilen bilelikde bolup geçýärler).
Geologiki geçmeşdäki tektoniki hereketleri öwrenmegiň we dikeltmegiň usullary aşakdakylar bolýarlar:
- stratigrafik kesimleriň analizi;
- litologiýa-paleogeografiýa kartalaryň analizi;
- galyňlyklaryň analizi;
- struktura analizi;
- paleomagnit analizi;
- formasiýa analizi.
Bular dik hereketleri dikeltmäge mümkinçilik berýär.
Gorizontal hereketleri dikletmek üçin ähmiýetleri
struktura, paleomagnit we fasial-paleogeografiki analizler
bolýarlar.
Stratigrafik kesime analiz bermek. Uzak wagtyň dowamynda ýer gabygynyň uly bolmadyk meýdanynda tektoniki hereketleri yzarlamaga mümkinçilik berýär. Analiza ilkinji maglumat bolup stratigrafiki kesim (sütün) hyzmat edýär. Dag jynslaryny hemme taraplaýyn öwrenmek, deňiz suwyna garaňda dürli gipsometrik derejelerde toplanan çokündileriň kysymlaryny bölmek we şertleri häsiýetlendirmek bolýar: beýikligi kilometre çenli bolan dageýk gury ýerleri, beýikligi +50- + 200m boln baýyrlyk ýerleri, beýikligi 0- + 50 m bolan kenarýaka batgalyk düzlükleri, plýaži (~0 m), şerti, kontinental ýapdygy şertleri häsiýetlendirmek.
Okalan sany: 34   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06073 sek. ýüklenen baýt: 30025