Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Önümçilik ösüşleriň ak ýolunda
Ýazylan wagty: 15 апреля 2019 Ýazan NEXTTM

Önümçilik ösüşleriň ak ýolunda 

Welaýatymyzda uzak ýyllaryň dowamynda hereket edip gelen ozalky “Daşoguzbalyk” döwlet kärhanasynyň geçen ýylyň ahyrlarynda hususy eýeçilige berildi. “Ak durna” ady bilen täzeçe iş usulynda zähmet ýoluna başlan bu hususy kärhananyň sarp edijileri we ilaty dürli görnüşli balyk önümleri bilen üpjün edip, azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna bu ýerde ýakyn geljekde önümçiligiň ösüşini ilerletmäge ýardam etjek möhüm çäreleri amala aşyrmak babatynda takyk kesgitlenen toplumlaýyn işler hem uly ynam döredýär. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhananyň eýeçiliginde balyk awlamaga degişli Sarygamyş, Aýböwür we Uzynşor kölleri bar. Şol köllerden Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda balyklaryň 244 tonnasyny awlap, ýerleşdirmek bellenilýär. Agzalan mukdardaky balyklaryň 158 tonnasynyň degişli ýerlere döwletiň kesgitlän nyrhyndan, galan böleginiň bolsa sarp edijilere erkin bahadan satmak hukugynyň bardygyny kärhananyň ýolbaşçysy aýdýar. Bu ýerde balyk tutmagyň bellenilen meýilnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegi we taýýar önümi ýokary hil derejesinde saklamak üçin şertlerdir mümkinçilikler ýeterlik. Şeýle diýmäge ozalky kärhanadan hususy eýeçiligiň hasabyna geçen emläkdir tehniki enjamlar doly esas berýär.

-Kärhanamyzyň tehniki üpjünçiligi gowy. Eýeçiligimizde Ýaponiýada öndürilen döwrebap gaýyklaryň 33 sanysy, tutulan balyklary zaýalaman, gowy hil derejesinde saklamaga mümkinçilik berýän 50 we 30 tonnalyk sowadyjylarymyz bar. Olaryň uly göwrümlisi merkezi edaramyzyň, beýlekisi Sarygamyş kölüniň ýanynda ýerleşýär. Şeýle hem tutulan balyklary daşamaga niýetlenen ýörite sowadyjysy bolan awtoulaglarymyz bar. Kärhanamyzyň agzalary bar bolan ähli emläklere hakyky eýeçilik gözi bilen seredip, olardan netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar-diýip, kärhananyň başlygy Uktam Şamyratow aýdýar.

Kärhananyň balykçylary balyk tutmaga ýaz paslynyň ilkinji aýyndan depginli girişipdirler. Bar bolan şertlerden netijeli peýdalanyp, işine höwesli çemeleşýän balykçylaryň yhlasly aladasy bilen balyk tutmakda guwandyryjy görkezijilere eýe bolunýar. Munuň şeýledigini geçen mart aýynyň iş netijeleri bilen tanşanyňda hem bilmek bolýar. Agzalan döwürde dürli görnüşli balyklaryň 19 tonnasy tutulyp, bellenen meýilnama 127 göterim ýerine ýetirilipdir. Şeýlelikde, balyk tutulyşy geçen ýylyň şu döwründäkisinden ep-esli artyp, ýokary ösüş depgininiň gazanylmagyna getiripdir.

Şu ýerde bir zady bellemek gerek. Bu kärhanany hususy eýeçilige alan ýigit öňem balykçylyk bilen meşgullanyp gelýän telekeçi eken. Ol mundan dört ýyl çemesi ozal S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň A.Nowaýy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden 5 gektar ýeri kärendesine alyp, balyk ösdürip ýetişdirmäge başlandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

-Kärendesine alan ýerimde balygyň işbilini köpelder ýaly inkubatoryň bäşisini gurnadym. Şol inkubatorlar arkaly maý-iýun aýlarynda uçar, kepir, tüňňimaňlaý we zagara balyklarynyň işbilini alyp, olaryň liçinkalaryny ösdürip ýetişdirdim. Özi-de her inkubator aýda bäş gezek önüm berip, balyk liçinkalarynyň millionlarçasy kemala gelýärdi. Soňra şolary aýratyn ýerde ösdürip, harytlyk derejesine ýetende isleg bildirenlere elýeterli bahadan satdym.

Ýetişdirýän balyk liçinkalarymyzy hususy eýeçilige alan kärhanamyzyň garamagyndaky köllere-de goýbermek niýetimiz bar. Inkubatorlaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna balyklardan işbil alnyşyny köpeldip, liçinkalaryň önümçiligini ýokarlandyrarys. Taýýarlan liçinkalarymyzyň köllerimize goýberilmegi bolsa, olardaky ösüp ýetişýän balyklaryň häzirkisinden has köpelmegine getirer. Şeýle bolmagy balyk tutulyşyndaky netijäni gowulandyryp, kärhanamyzyň önümçiligini ösüşleriň ak ýoluna atarar.




Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11217 sek. ýüklenen baýt: 33986