Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
EZBERLER ÖŇE SAÝLANDY
Ýazylan wagty: 15 апреля 2019 Ýazan NEXTTM

EZBERLER ÖŇE SAÝLANDY

Golaýda Daşoguz şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda TKA-nyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen XX Milli sport oýunlarynyň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa Milli sport oýunlarynyň deslapky ýaryşlarynda, ýagny etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan türgenler gatnaşdylar. Iki günläp dowam eden bu ýaryşlarda ezberler öňe saýlandy. Türgenler milli sport oýunlarynyň göreş, düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak görnüşleri boýunça şahsy we toparlaýyn görnüşde bäsleşdiler. 

Oýunlaryň ähli görnüşi boýunça ýeňijiler utuklaryň sanynyň köpdügine görä kesgitlenildi. Ýaryşyň türkmen milli göreşi ugry boýunça Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan Şanur Ataýew, Allamyrat Suhanberdiýew, Görogly etrabyndan Madreýim Babaýew, Hangeldi Baýramow, Suhan Meredow, Gahryman Atjykow, Parahat Atjykow, Daşoguz şäherinden Kakajan Rahmanow, Kuwwat Gylyjow, Akdepe etrabyndan Gurbanmyrat Rejepow, düzzüm ugry boýunça erkekleriň arasynda Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan Hasanbaý Ýusupow, Nurmyrat Ýusupow, zenanlaryň arasynda Görogly etrabyndan Çynar Durdyklyçewa, küşt boýunça erkekleriň arasynda Daşoguz şäherinden Zafar Kurýazow, Sanjar Awezow, zenanlaryň arasynda Daşoguz şäherinden Ýulduzhan Matýakubowa, ýaglyga towusmak ugry boýunça Daşoguz şäherinden Wepa Jumageldiýew, Annaçary Atajumaýew dagy ýeňiji diýlip yglan edilip, olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we onda oňat netijeleri görkezen, tapawutlanan türgenlere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary, Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.






Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06640 sek. ýüklenen baýt: 32138