Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORT DURMUŞYMYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGI
Ýazylan wagty: 15 апреля 2019 Ýazan NEXTTM


SPORT DURMUŞYMYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGI

Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde kýokuşinkaý karateniň aşihara görnüşi boýunça 20 — 24-nji mart aralygynda geçen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri ýeňiş gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmagy başardylar. Şol çempionatda Görogly etrabynyň «Bereket» geňeşliginiň ýaşaýjysy, etrabyň 1-nji sport mekdebiniň türgeni Joşgun Täçmedow  70 kg agramda üstünlikli çykyş edip,  kümüş medala mynasyp boldy. 

-Bu abraýly halkara ýaryşyna ýurdumyzdan jemi 9 sany türgen gatnaşyp, 5 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp bolduk. Ýurdumyzdan baran türgenleriň arasyndan her bir ýeňijiniň şanyna ýaňlanýan Döwlet senamyza elimizi döşümizde goýup, ses goşanymda hem-de Döwlet baýdagymyzyň galdyrylyşyny synlanymda, parahat hem asuda durmuşda ýaşaýandygymyza bolan buýsanjym öňküden-de goşalandy. Ol pursat meniň durmuşymyň iň bir ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi–diýip, Joşgun Täçmedow  buýsanç bilen gürrüň berýär.

Joşgun, 9 ýaşyndan bäri Görogly etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde sportuň şu görnüşi boýunça tälim alýar. 

Çagalygyndan bäri orta mekdepde we sport mekdebinde geçirilýän bäsleşiklere, şäher, etrap, welaýat derejelerinde guralýan sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, birnäçe baýrakly orunlara mynasyp boldy. Iň esasylary barada aýdylanda, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky çempionatda birinji orna,  2018-nji ýylda hem kýokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldy.

Ol sporty özüme has ýakyn görüp, geljekde ökde tälimçi bolmagy arzuw edýär. Saýlan hünärini kämil ele alyp, durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan sport bilen yzygider türgenleşip, Watanymyzyň sport abraýynyň mundan beýläk-de arşa galmagyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinýär.

Ýaşlara okamaga, öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga, bu ugurda ukyp-başarnyklarynyzy açyp görkezmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Joşgun Täçmedowyň alkyşlarynyň çägi ýok.



Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07546 sek. ýüklenen baýt: 31779