Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Joşgun Täçmedow bilen söhbetdeşlik
Ýazylan wagty: 15 апреля 2019 Ýazan NEXTTM


Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde kýokuşinkaý karateniň aşihara görnüşi boýunça 20 — 24-nji mart aralygynda geçen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri ýeňiş gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmagy başardylar. Biz şol bäsleşige gatnaşan, üstünlikli çykyş edip Watanymyza ýeňiş bilen gaýdyp gelen ildeşimiz, Görogly etrabynyň «Bereket» geňeşliginiň ýaşaýjysy, etrabyň 1-nji sport mekdebiniň türgeni Joşgun Täçmedow bilen duşuşyp, oňa birnäçe sowal bilen ýüzlendik.

-Joşgun, ilki bilen gazanan üstünligiňiz bilen gutlaýarys! Söhbedimizi şu bäsleşige taýýarlanyşyňyz hem-de çempionatyň özüňde galdyran täsirleri baradaky gürrüňden başlaýsak.

-Bu abraýly halkara ýaryşyna, dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanandygymy eşiden pursadymda men özümi juda bagtly duýdum. Meniň kiçiligimden arzuwym dünýä çempionatyna çykmakdy. Bu habary eşiden pursadym, her gün sport mekdebine yzygiderli gatnaýan bolsam-da, öňküden hem has işjeň, ýeňşe bolan ynam bilen gatnap başladym. Bu dünýä çempionatyna ýurdumyzdan jemi 9 sany türgen gatnaşyp, 5 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp bolduk. Ilkinji gatnaşýan bäsleşigim öz ýurdumdan daşarda bolanyndanmy, biraz tolgunman durmadym. Ýöne orta çykamda, gazanjak üstünligimiň diňe bir meniň ýa-da maşgalamyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň abraýydygyna düşündim. Halypamyň öwüt-ündewleriniň netijesinde, men bu çempionatda 70 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldum. Ýurdumyzdan baran türgenleriň arasyndan her bir ýeňijiniň şanyna ýaňlanýan Döwlet senamyza elimizi döşümizde goýup, ses goşanymda hem-de Döwlet baýdagymyzyň galdyrylyşyny synlanymda, parahat hem asuda durmuşda ýaşaýandygymyza bolan buýsanjym öňküden-de goşalandy. Ol pursat meniň durmuşymyň iň bir ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi.

-Sporta ilkinji gadamyň?

-Men 9 ýaşymdan bäri Görogly etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde sportuň şu görnüşine gatnap gelýärin. Türgenleşiklere gatnaşan ýyllarymyň dowamynda kýokuşinkaý karateniň aşihara görnüşiniň inçe tilsimlerini we usullaryny kämil ele aldym. Maňa bu ýerde sportuň inçe tilsimlerini ele almakda çagalygymdan goldaw beren tälimçim Jumamyrat Baýlyýew halypalyk edýär.
   
 -Sportda gazanan üstünlikleriň barada aýdaýsaň.

-Çagalygymdan bäri orta mekdepde we sport mekdebinde geçirilýän bäsleşiklere, şäher, etrap, welaýat derejelerinde guralýan sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, birnäçe baýrakly orunlara mynasyp boldum. Iň esasylary barada aýdanymda, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky çempionatda birinji orna mynasyp boldum. 2018-nji ýylda hem kýokuşinkaý karate boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe bolmak miýesser etdi.
    
-Haýsy käri saýlamakçy bolýaň?
    
-Sporty özüme has ýakyn görýärin. ªonuň üçin hem sport bilen yzygiderli meşgullanýaryn. Geljekde ökde tälimçi bolmagy arzuw edýärin. Saýlan hünärimi kämil ele alyp, durmuşymyň aýrylmaz bölegi bolan sport bilen yzygider türgenleşip, Watanymyzyň sport abraýynyň mundan beýläk-de arşa galmagyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärin.
    
-Joşgun, şu bagtyýar pursatda öz ýürek buýsançlaryňy aýdaýsaň.
   
-Biz, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga, bu ugurda ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuny ösdürmek, dünýä tanatmak, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ýaýbaňlandyrmak ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary rowaçlyklara beslensin!
    
-Joşgun, beren gyzykly gürrüňleriň üçin sag bol! Geljekde hem saňa üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
   
 -Sag boluň!

Söhbetdeş bolan 
Lälezar BAÝLYÝEWA,
«Daşoguz habarlary».

Okalan sany: 49   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10951 sek. ýüklenen baýt: 35076