Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär
Ýazylan wagty: 20 апреля 2019 Ýazan NEXTTM

Azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany köpelip, olaryň önümçilik kuwwatlylygy artdyrylyp, ýokary hilli bugdaý uny, unaş, tüwi, çörek, süýji-köke, ösümlik ýagy, şeker, çakyr önümleri, et-süýt, alkogolsyz içgiler, miwe, gök-bakja önümleriniň bolçulygy döredildi. Şunuň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda kabul edilýän taryhy çözgütleri, pudagyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, önümçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilik kärhanalarynyň işe girizilmegi, azyk bolçulygynyň döredilmegini üpjün etdi.

Täze döwrebap kärhanalaryň önümçilik kuwwatlylyklaryny doly derejede ulanmak, ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa azyk önümleriniň görnüşleriniň has-da artdyrylmagy-ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň önümçilik ukyplylygyny has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň önümçilik kärhanalary tarapyndan öndürilýän ýokary hilli azyk önümleriniň hilini we bäsleşige ukyplylygyny has-da  ýokarlandyrmak babatynda, alyjylaryň isleglerine görä görnüşleri artdyrylyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze işe girizilýän gaýtadan işleýän önümçilik toplumlarynda giňden önümçilige ornaşdyrylýar.

Ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen bolelin üpjün edýän kärhnalarynda azyk önümleriniň ençeme görnüşi öndürilýär. Agzalan kärhanalar tarapyndan öndürilýän azyk önümleriniň hili ýokarlandyrylyp, halkymyzyň bu önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak bilen, ýyllyk önümçilik meýilnamalar doly derejede ýerine ýetirilip, bu önümler halkymyzyň islegine görä öndürilýär.
Ýurdumyzyň ilatyny çörek we çörek önümleri bilen bolelin üpjün edýän çörek bişirji kärhnalarynda önümçilik gije-gündiziň dowamynda 3 çalşykda ýola goýlup, bu gün çörek önümleriniň 150-den gowrak görnüşi öndürilýär. Agzalan kärhanalar tarapyndan öndürilýän çörek we çörek önümleriniň hili ýokarlandyrylyp, halkymyzyň bu önümlere bolan islegini doly kanagatlandyrmak bilen, ýyllyk önümçilik meýilnamalar doly derejede ýerine ýetirilip, bu önümler halkymyzyň islegine görä öndürilýär.

Ýurdumyzyň ilatyny ýokumy güýçlendirilen iýmit önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Bütindünýä Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) gatnaşmagy arkaly ençeme ýyldan bäri ýurdumyzda öndürilýän ýokary we birinji hilli bugdaý unlary demir we foliý turşusyndan emele gelýän “Premiks” azyk goşundysy bilen baýlaşdyrmak işleri yzygiderli amala aşyrylýar.

Bu günki gün Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän ösümlik ýagy, şeker, çakyr önümleri, et-süýt, alkogolsyz içgiler, miwe, gök-bakja önümleri, bugdaý, un, ýarma, çörek, bulka, süýji-köke, unaş önümlerini öndürýän 17 sany azyk, galla we çörek kärhanalarynda Halkara Hil we Azyk howpsyzlyk sertifikatlary bolan ISO-9001 we HACCP sertifikatlary bilen sertifikatlaşdyryldy.

2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda bolsa, öňki Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi Şweýsariýa Halkara “SGS” kompaniýasy tarapyndan “Uny, ýarmany, çörek-bulka, konditer we makaron önümlerini öndürýän hem-de bugdaý saklaýan we gaýtadan işleýän kärhanalary administratiw taýdan dolandyrmak – ISO 9001:2015” atly sertifikatyň talaplarynda laýyk gelýändigine baha berildi we ol sertifikatlaşdyryldy.

Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary tarapyndan ýurdumyzyň ilatynyň ýokary hilli un, tüwi, ýarma, çörek-bulka, süýji-köke we unaş önümlerine bolan isleginiň ýylsaýyn artýandygyny nazara alyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sebitleýin ýerleşýän galla we çörek kärhanalarynda hereket edýän önümçilik kuwwatlylyklaryny hasaba almak bilen, milli tamdyr bölümleri bolan kiçi çörek kärhanalarynyň işe girizilmegi hem meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça kabul eden kararlaryna laýyklykda maldarçylygy ösdürmek, ony düşewüntli pudaga öwürmek azyk bolçulygyny döretmegiň wajyp ugry hökmünde döwlet derejesinde üns merkezinde saklanýar. Döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde täze maldarçylyk toplumlary, hojalyklary, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Mallaryň baş sanyny köpeltmekde, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar.


Okalan sany: 446   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06313 sek. ýüklenen baýt: 35720