Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Basyş göwrüminiň we merkeziniň grafo-analitiki usuly bilen kesgitlenilşi
Ýazylan wagty: 22 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Basyş göwrüminiň we merkeziniň grafo-analitiki usuly bilen kesgitlenilşi
Ýokarda bellenilişi ýaly üstlere täsir edýän gidrostatiki basyş güýjiniñ ululygy getirilen basyş göwrüminiñ agramy bilen kesgitlenýär. Diýmek, islendik tekiz üste täsir edýän gidrostatiki basyş güýjiniň ululygy
P=gV bg (2.40)
aňlatma boýunça kesgitläp bolar.
Bu ýerde, V bg - basyş göwrümi. Basyş göwrüminiň geometrik şekili seredilýän üstüň şekiline we gidrostatikanyň esasy kanunlaryna laýyklykda gurulýar. Basyş göwrümi umumy ýagdaýda üste täsir edýän gidrostatiki basyşyň epýury bilen çäklenen giňişlik geometriki şekilidir. Öz gezeginde gidrostatiki basyşyň epýury diýlip, üstüň ýerleşen çuňlugyna görä, oňa täsir edýän basyşyň üýtgeme grafiki şekiline aýdylýar.
Gidrostatiki basyş güýjiniň üste täsir edýän nokady ýa-da basyş merkezi, basyş göwrüminiň (basyş epýurynyň) agyrlyk merkezi bilen gabat gelýär. Basyş göwrüminiň we merkeziniň grafo-analitik usuly bilen kesgitlenilşini takyk mysalda seredeliň (2.15-nji surat)
şekillendirilişi ýaly, ABB'A' göniburçly tekiz suw saklaýan şite (diwara) täsir edýän gidostatiki basyş güýjiniň ululygyny we onuň täsir edýän nokadynyň koordinatyny kesgitläliň. Şitiň öňündäki suwuň çuňlugy H, şitiň ini b bolsun.
Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 апреля 2019

Şitiň maksimal çuňlugy B nokat üçin h=H we gidrostatiki basyşyň ululygy P b =gH bolar, ýa-da şitiň aşaky gorizontal esasynyň islendik nokadynda gidrostatiki basyşyň ululygy hemişelikdir we pgH deňdir. Şitiň A we B nokatlary üçin gidrostatiki basyşyň kesgitlenen ululyklaryny Gidrostatikanyň 1-nji kanunyna laýyklykda (gidrostatiki basyş üste içki normal boýunça ugrukdyrylandyr) wektor ululyklar hökmünde ölçäp goýýarys. Suratda emele gelen △ABS (göniburçly üçburçlyk) seredilýän şit üçin gidrostatiki basyşyň epýurydyr. Alynan △ABS epýur şitiň b ini boýunça dowam edilende, ABSS'B'A' üçburçly prizmanyň şekili alynar. Bu şekil gözlenýän gorizontal basyş göwrümidir. Diýmek ABB'A' şite täsir edýän gidrostatiki basyş güýjiniň ululygy:


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12496 sek. ýüklenen baýt: 31085