Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ol hudaýatylar maşgalasyna degişli
Ýazylan wagty: 22 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Ol hudaýatylar maşgalasyna degişli. Agaç hu­daýatysynyň açyk ýaşyl, käwagt goňrumtyl sary reň ki agajyň ýaşyl ýa-da sarymtyl şahajyklary hem-de ýaprajyk­lary bilen reňkdeşdir. Şonuň üçin ony agajyň şahajyklarynyň arasynda aňsat saýgaryp bolmaýar.
Agaçlar bilen reňkdeş bolmak agaç hudaýatysyna duşmanlaryndan goranmaga kömek edýär. Hudaýatylaryň bu görnüşiniň erkekleriniň bedeniniň uzyn­lygy 44–59 mm-e, ene hudaýatylaryňky bolsa, 55–75 mm-e barabardyr (2-nji surat). Ol öz uşajyk ýumurtgalaryny gyş pas ly agaçlaryň şahalaryndaky ykryklarda gizläp goýýar.
Düwünçek döwri iki aý töweregi dowam edýär. Liçinkalary maý aýynda dogulýar.
Agaç hudaýatysy şirejeler, jyzlanlar, çekirtgeler we beýleki mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Zyýanly mör--mö­jekleri iýip ýok edýäni sebäpli, ol peýdaly mör-möjek hasaplanýar.
Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn we ýaşaýan ýaýrawy çäkli bolany sebäpli, agaç hudaýatysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ol Amyderýa we Sünt--Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar.
Çekirtgeler – dürli ýerlerde, otjumak, gyrymsy we agaç ösümlikleriň arasynda giňden ýaýran mör-möjeklerdir. Olaryň köpdürlüligine garamazdan daşky keşpleri boýunça tapawutlandyrmak aňsatdyr. Çekirtgeleri murt larynyň uzynlygy bilen hakyky uzynmurt çekirtgelere we ýöne çekirtgelere bölýärler. Sähra süýri çekirtgesi (дыбка степная – Saga pedo) – hakyky uzynmurt çekirtgeler maşgalasyna degişli (3-nji surat). Ol daglaryň sähra guşaklyklaryny özüne mekan tutunypdyr.
Sähra süýri çekirtgesi uzynmurt çekirtgeleriň arasynda
göwresiniň ululygy boýunça has irirägi hasaplanýar.
Okalan sany: 64   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 апреля 2019

Čekirtgäniň uzynlygy 53– 75 mm-e ýet­ýär. Göwresiniň reňki ýaşyl ýa-da sarymtyl, arkaöňüniň aşaky gyrasy we garyn bogunlarynyň ählisi goşa agymtyl zolaklydyr. Bu çekirtgäniň ganatlary gowşak ösendir. Onuň yzky aýaklary öňki aýak­laryna garanyňda uzynrak bolany sebäpli, böküp hereket edýär. Ösüş döwründe 8 gezek gowuny çalyşýar. Sähra süýri çekirtgesi diňe ösümliklerde bukuda gizlenip ýaşaýanlygy bilen hudaýatylara meňzeşdir. Ol mör-möjekler, şol sanda iri uzynmurt çekirtgeler, hudaýatylar hem--de beýleki çekirtgeler bilen iýmitlenýär we peýdaly mör‑möjekleriň hataryna gir ýär. Oba hojalyk ekinlerine zyýan ýetirmeýär. Çekirtgeleriň bu görnüşi Köpetdagda we Köýtendagda gabat gelýär. Sähra süýri çekirtgesi ýitip barýan we ýaşaýan ýaýrawy çalt daralýan görnüş bolany sebäpli, Türkme­nistanyň Gy zyl kitabyna girizildi we Kö petdag hem‑de Köýtendag döwlet gorag­hanalarynda goralýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09208 sek. ýüklenen baýt: 31717