Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ol ýelkenganatlylar maşgalasyna degişli
Ýazylan wagty: 22 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Ol ýelkenganatlylar maşgalasyna degişli. Sünt-Hasardagyň ownuk daşly we ýylçyr gaýaly jülgelerinde ýaşaýar. Bu kebelegiň açyk sary reňkli owadan ganatlary bolýar (8‑nji surat). Öňdäki ganatlarynyň uzynlygy 31–37 mm-e, ganat­larynyň tutuş gerimi bolsa 80–90 mm-e deňdir.
Öňdäki we yzky ganatlarynyň üstünde dürli uzynlyk daky we şekildäki dört sany keseligine ýerleşen zolak­lary bolýar. Ganat­larynyň üstünde gök reňkli gür teňňejikler ýerleşýär.
Ganatlarynyň ählisiniň hem daşy gara jäheklidir.
Yzky ganatlarynda gaty bir uzyn bolmadyk guýrujaklar ýerleşen.
Bu kebelek ýaz aýlary (aprel–maý) peýda bol­ýar.
Uçuşy 20 gije-gündiz dowam edýär. Ýumurtgalaryny gurçuklarynyň iýmitlenýän ösümlik­leriniň gülleriniň üs tünde goýýar. Gurçuklary ösümlikleriň gülleriniň gül ýapraklary, pudaklaryndaky ýapraklary, düwünçekleri we miweleri bilen iýmitlenýär. Toraňňynyň pile egriji kebelegi (туранговый коконопряд – Taragama faina) – pile egrijiler maşgalasyna degişli. Kebelekleriň sany göräýmäge köp ýaly hem bolsa howa ýagdaýynyň amatsyzlygy, gülleriniň şiresi bilen iýmit­lenýän ösümlik­leriniň azalmagy we beýlekiler käbir görnüşleriniň ýaşaýan ýeriniň çäginiň hem-de sanynyň azalmagyna getirýär.
Şeýle kebelekleriň biri hem Toraňňynyň pile egriji kebelegidir. Adyndan belli bolşy ýaly, onuň ýaşaýan ýeri toraňňy tokaýlygydyr. Bu kebelegiň ganatlarynyň gerimi onçakly uly däldir (31,5–55,0 mm). Öňdäki ganat­larynyň uzynlygy 16–17 mm-e ýetýär.
Ganatlarynyň reňki çalymtyl bolup, olarda azda-kände benewşe öwüşgini bardyr..
Öňdäki ganatlarynyň ortasy çalymtyl goňur reňkde bo­lup, melemtil öwüşginlidir.
Olaryň seçek­leri çalymtyl gyzyl öwüşginli bolýar. Ganatlarynyň içinden iki sany aksowult reňkli kese zolak lar geçýär. Olaryň birinjisi aýdyň görünýär, ikinjisi bolsa inçejik bolany sebäpli, gowy bildirmeýär.
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 апреля 2019

Ganatlaryň ortaky meýdany daşky bölege garanyňda goýy mele reňklidir. Kellesi, garyn bölüminiň üsti goň­rumtyl benewşe çal reňk li bol­ýar. Gurçuk­larynyň gundaga öwrülmegi toraňňy agajynyň sütüninde we şahalarynda piläniň içinde bolup geçýär. Kebelegiň şu görnüşiniň gurçuklary toraňňynyň ýapragy bilen iýmitlenýär. Türkmenistanyň çäginde ol Amyder­ýanyň orta akymynda ýerleşýän jülgelerde az mukdarda duş gel­ýär. Toraňňynyň pile egriji kebelegi ýitip barýan we ýaşaýan ýaýrawy güýçli çalt daralýan görnüş bolany sebäpli, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ol Amyderýa döwlet goraghanasynda goralýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05436 sek. ýüklenen baýt: 31579