Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Balyklar
Ýazylan wagty: 22 апреля 2019 Ýazan Mayichka
BALYKLAR
Bekre balyk-söp balyk (шип – Acipenser nudiventris) – balyklaryň arasynda iýmit üçin ulanylýan iň bir peýdaly görnüşiniň biridir.
Ol bekre balyklar maşgalasyna degişli. Bu balyk deňizde ýaşasa hem işbil taşlaýan derýalaryndan uzaklaşmaýar, esasan, süýji suwuň deňze guýýan ýerinde iýmitlenýär.
Hazar deňziniň türkmen kenarynda, çuňlugy 10 metrden hem köpräk ýerlerde ýaşaýar. Bu bekre balyklaryň beýleki görnüşlerinden aşaky dodagynyň tutuşlaýyndygy, murt­larynyň seçeklidigi bilen tapawutlanýar. Bekre balygyň göwresiniň uzynlygy 220 sm‑e, agramy bolsa 80 kilograma ýet­ýär (13-nji surat).
Bedeniniň arkasynda 11–17, gapdallarynda 49–74 we garyn tarapynda 11–17 sany şah çykyntgylarynyň hatarlary bolýar. Arkasynyň reňki ça lymtyl ýaşyl, gapdallary açyk, garny sarymtyl ak, ýüzgüçleri bolsa, çalymtyl reňklidir. Bedeniniň daşy gataňsy teňňeler bilen örtülen. Şol teňňeleri oňa özboluşly görk berýär. Bekre balygy deňizde ýaşaýan hem bolsa, köpelmek üçin Amyderýa geçýär we çuň çukurlarda gyşlaýar. Bu balyk ýaz we tomus aýlary suwuň ýylylyk derejesi 15–20 ° С ýetende köpelýär. Ýöne ol her ýylda köpelmeýär. Şonuň üçin bu balyklary aýawly saklamak möhümdir.
Bekre balygyň ululary mollýuskalar we uşajyk balyklar bilen iýmitlenýär. Ol Hazar deňziniň günorta we günorta-gündogar tarap­la rynda we Amyderýanyň hem me ýerinde duş gelýär. Garagum derýasyna, onuň ug rundaky suw howdanlaryna, Sarygamyş kö­lü­ne geçýär. Bu deňizde ýaşaýan bekre balyk lar maşgalasynyň beýleki görnüşleriniň arasynda iň bir az sanlysydyr.
Bekre balygy düýbünden ýitip barýan we ýaýrawy örän çäkli görnüş bolany sebäpli, Türk­menistanyň Gyzyl kitabyna girizildi we Hazar hem--de Amyderýa döwlet goraghanalarynda goralýar.
Okalan sany: 72   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 апреля 2019

Ýata suwly aýtymlary, derýanyň we kanallaryň haýal akýan gollaryny halamaýar. Bu su wuň düýbünde ýaşamaga uýgunlaşan derýa balygydyr. Uly Amyderýa pilburny orta ululykdaky balyk bolup, be- deniniň uzynlygy guý­ru gy bilen birlikde 85 sm‑e, guýruk ýüzgüç sapaksyz 58 sm-e barabardyr. Agramy 600–700 grama, kähalatda bolsa 2 kilograma çenli ýet ýär. Tumşugy pile (kepjä) meňzeş bolup, ujunda ýiti we berk çykyntgylary bardyr. Şonuň üçin oňa «pilburun» diýip at beripdirler. Onuň bedeninde 1 sany ýagyrny, 2 sany gapdal we 2 sany hem garnasty çykyntgyly ýüzgüçleri bolýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07819 sek. ýüklenen baýt: 31179