Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gušlar
Ýazylan wagty: 22 апреля 2019 Ýazan Mayichka
GUŞLAR
Gyzgylt gotan (pо зовый пеликан – Pelecanus onocrotalus) – gotanlar maşgalasyna degişli. Ol köllerde, suw howdanlarynda, uçup geçen wagtlary derýa jülgeleriniň suw aýtymlarynda ýaşaýar. Gyzgylt gotan uly guşlara degişlidir. Onuň ag ramy 10–11 kilograma ýetýär.
Bu guşuň ganatlary uly we ýasydyr. Ganatlarynyň uzynlygy 60–78 sm-e barabar bolup, agymtyl gyzgylt reňklidir (32-nji surat).
Uçuş ýelekleri gara, gözüniň daşyndaky ýeleksiz halkasy sary reňkli bol­ýar.
Kellesindäki hüpügi gysga hem-de buýrasyzdyr. Döşlerin-
däki sarymtyl menekleri bedeniniň beýleki ýerleriniň reňkinden aýyl-saýyl tapawutlan­ýar.
Aýaklarynyň reňki sarymtyl ýa-da gyz­gylt reňklidir. Ol biziň ýurdu­myzyň üstünden uçup geçýän, ýurdumyzda bölekleýin höwürtgeleýän we gyşlaýan guşlara degişlidir.
Ýazyna fewralyň aýagyndan maý aýynyň başyna çenli, güýzüne sentýabryň soňundan noýabryň ahyryna çenli uçup geçýär. Gyzgylt gotan Sarygamyş kölünde toplum bolup, garaja gazlar we çarlak­lar bilen bilelikde höwürt­geleýär.
Höwürtgesini ýerde – çukurjyklarda gurýar we oňa çöp--çalamlary ýa-da ýelekleri düşeýär. Ol höwürtgede ak reňkli 1–3 sany ýumurtga goýýar we ony 33 günläp basyp oturýar. Ýumurtgadan çykan jüý­jeleri 14 hepde geçenden soň özbaşdak ýaşap bilýärler.
Bu guş uşajyk balyklar bilen iýmitlenýär.
Gyzgylt gotan Sarygamyş, Gyzylburun, Soltandag köllerinde, Hanhowuz, Sary­ýazy suw howdanlarynda, Hazar deňziniň kenarynda az mukdarda gabat gel­ýär.
Okalan sany: 70   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 апреля 2019

Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn we ýaşaýan ýaýrawy çäkli görnüş bolany üçin, gyzgylt gotan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Ol Hazar, Amyderýa döwlet goraghanalarynda we Sarygamyş hem-de Kelif çäkli goraghanalarynda goralýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06184 sek. ýüklenen baýt: 30414