Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Suwy ölçemegiň halk hojalygy üçin ähmiýeti
Ýazylan wagty: 22 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Suwy ölçemegiň halk hojalygy üçin ähmiýeti
Suwy ölçemek işleriniň netijesi dürli ylmy-barlag işleri üçin giňden ulanylýar we gidrologiýanyň nazaryýet esaslaryny hem-de gidrologiýa hasaplanyş usullaryny ösdürmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzyň suw baýlyklary gämi gataawy, ilatly ýerleri we senagat kärhanalaryny suw bilen üpjün etmek, ýylylyk energetika, oba hojalygy meliorasiýalaşdyrmak-suwarmak, suwlulandyrmak, balykçylyk, sport, şeýle hem syýahat üçin ulanylýar.
Geljekde suw baýlyklaryny tygşytly we toplumlaýyn ulanmak göz öňünde tutulýar, şonuň üçin hem gidrologiýa diňe belli bir gidrotehniki desgany gurmak üçin maglumatlary bermeli däl-de, şol ýerdäki bir ýa-da birnäçe suw çeşmeleriniň suw hojalyk deňagramlylygynyň taslamasyny hem bermelidir.
Ulanmaga bellenen suw çesmelerini suwy ölçemek taýdan ýeterlik uzak we toplumlaýyn öwrenmän, suw hojalygyna meýilnama düzmegiň we iri gidrotehniki desgalary gurmagyň çylsyrymly meselelerini çözmek mümkin däldir.
Gidrotehniki desgalar diňe bir suw çesmeleriniň düzgünini üýtgetmek bilen çäklenmän, özleri hem suwuň täsirine duçar bolýarlar. Şol sebäpli gidrologiýa taýdan esaslandyrylman gurlan desgalaryň ýumrulmagy mümkiňdir.
Okalan sany: 73   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 апреля 2019

Suwaryş ulgamlaryny, suw ýollaryny we dürli gidrotehniki desgalary (bentleri, gidroelektrostansiýalary, gatlalary we başgalary) ulanmak, suw çeşmeleriniň düzgünine yzygiderli gözegçilik etmegi talap edýär. Bu suw baýlyklaryny has tygşytly ulanmaga we güýçli suw joşgunynyň, buz hereketiniň hem-de şuna meňzeşleriň gidrotehniki desgalara howply täsirini duýdurmaga ýardam edýär. Şu mynasybetli gidrologiýa beketleriniň, gözegçilik nokatlarynyň gözegçilikleriniň netijeleri, suw çesmeleriniň gidrologiýa düzgüni, olaryň düzgüniniň üýtgemegi we gidrologiýa hadysalaryň (suw çesmesiniň buzdan saplanmagy we doňmagy we ş.m) çaklamasy barada habar bermek üçin ulanylýar. Şeýlelikde, gidrometriýa suw hojalygy we gidrotehnika bilen hemişe ýakyndan özara baglanyşykly bolýar. Bu bolsa gidrotehnikanyň ösmegi we suw hojalygynyň talabynyň artmagy bilen bilelikde gidrometriýanyň öwreniş usullarynyň ösmegine, kämilleşmegine alyp gelýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06640 sek. ýüklenen baýt: 31085