Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Suw ölçenilýän gözegçilik nokatlarynyň görnüşleri we gurluşlary
Ýazylan wagty: 22 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Suw ölçenilýän gözegçilik nokatlarynyň görnüşleri we gurluşlary.
Suwuň derejesi baradaky maglumatlary işläptaýýarlamak
Suw ölçenýän gözegçilik nokatlary gurluşlary boýunça aşakdakylara bölünýärler:
1) ýönekeý (reýkaly, gazykly, garyşyk);
2) geçirijiler (aralyga geçirijiler);
3) özi ýazýanlar;
4) aralyga berijiler, olar suwuň derejesini yzygiderli ýada belli wagtda ölçenilýän ýerden uly aralyklara berýärler.
Suw ölçenilýän gözegçilik nokatlary suwuň taryhy derejesinden 0,25-0,50 m ýokardaky ýa-da aşakdaky derejesini ölçemeli. Suwuň iň ýokary we iň pes taryhy derejelerini suwuň galdyran yzy boýunça ýa-da şol ýeriň ýaşaýjylaryndan sorap
kesgitlemeli.
1. Ýönekeý suw ölçenilýän gözegçilik nokatlary
Häzirki döwürde ýönekeý gözegçilik nokatlary giňden ulanylýar. Olarda suwuň derejesini gözegçi ölçeýär. Gözegçilik nokady gurlan ýerde suwuň derejesi gije-gündiziň dowamynda tiz-tizden üýtgäp durmasa, bu gözegçilik nokatlary suwuň derejesiniň düzgüni barada ýeterlik anyk maglumatlar berýärler.
Ýönekeý gözegçilik nokatlary suwuň derejesine gözegçilik edilýän gurallaryna baglylykda aşakdakylara bölünýärler.
Okalan sany: 60   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 апреля 2019

Her bir suw ölçenýän gözegçilik nokady aşakdakylardan ybarat bolmaly: 1) suwuň derejesini ölçemek üçin gurluşlardan (reýkalardan, gazyklardan, özi ýazýan abzallardan); 2) hemişelik reperlerden (beýiklik belliklerden). Suw ölçenýän gözegçilik nokatlarynda gözegçilik edilýän suwuň derejeleri ' gözegçilik nokadynyň nolunyň şertli tekizligiňe baglylykda bolmaly. Onuň beýiklik belligi gözegçilik nokadynyň bütin işleýän döwründe birmeňzeş bolmalydyr. Gözegçilik nokady gurlanda, gözegçilik nokadynyň nolunyň belligi derýadaky suwuň bolup biljek iň pes derejesinden 0,5 m aşakda bolmaly. Şeýle etmek suwuň iň pes derejesinde-de gözegçilik nokadynyň nolunyň üstünden alynýan hasaby goşmak alamatly etmäge mümkinçilik berýär. Hanasy durnuksyz bolan derýalarda gözegçilik nokadynyň nolunyň belligini hananyň çunluk boýunça ýuwulmagyny hasaba alyp bellemeli. Çunlugy kiçi bolan hanalarda gözegçilik nokadynyň nolunyň belligi derýanyň düýbüniň iň pes belligine deň diýip almak bolýar ýa-da ondan hem aşakdan alynýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05586 sek. ýüklenen baýt: 31373