Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Nestoryň köşgi
Ýazylan wagty: 22 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Birinji Jahan urşundan soň taryh ylmynyň merkezi hökmünde Fransiýa we Angliýa öňe saýlanýar. XX asyryň 20–30-njy ýyl larynda Kritde we Gresiýanyň beýleki ýerlerinde möhüm arheologiýa açyşlary edilýär. 1938-nji ýylda Mikende «Nestoryň köşgi» atlandyrylan gadymy harabaçylykdan ýüzi hatly toýun kerpiçjikler tapylýar. Ol ýerde gazuw-agtaryş işleri soňky döwürlere çenli dowam etdirilip gelinýär we ýüzi hatly kerpiçjikleriň üsti açylýar. Soňky ýyl larda Amerikaly alymlar ellinizm döwrüne degişli ýerlerde möhüm arheologiýa barlag işlerini geçirýärler. Ýewfrat derýasynyň boýunda ýerleşen gadymy Dura Ewropos şäherinde geçirlen barlaglaryň netijesinde örän gymmatly maglumatlar toplanylýar. XX asyryň 50-nji ýyllarynda iňlis alymlary M. Windersiň we J. Çadwigiň Krit-Miken döwründe Gresiýada ulanylan iýeroglif («A» we «B» belgili hat») hatyny okamagyň usulyny açmagy Gadymy Gresiýanyň taryhyny öwrenmekde uly öňe gidişlik boldy. Şol maglumatlaryň netijesinde, taryhçy alymlar tarapyndan 7 tomdan ybarat Gresiýanyň taryhy ýazylýar. Ikinji Jahan urşundan soň, Günbatar Ýewropa taryhçylary tarapyndan ýazylan köp tomluk taryhy eserlerden «Siwilizasiýanyň ählumumy taryhy» (Fransiýa) atly işi belläp bolar.
XIX–XX asyrlaryň içinde rus alymlary tarapyndan Gresiýanyň taryhy barada köp sanly işler ýazylýar. Olardan S.A. Žebelýewiň «B.e.
öňki 229–231-nji ýyllaryň Afina taryhy» (1898-nji ý.), M.M. Hwos towyň «Grek-rim Müsüriniň Gündogar söwdasynyň taryhy», »Afina demokratiýasy»(1909-njy ý.) «Gresiýanyň taryhyna giriş» (1915-nji ý.) ýaly işleri çap edilýär. Şeýle-de R.Ýu. Wipperiň «Gresiýanyň nusgawy döwrüniň taryhy» diýen işi ýazylýar. Sowet eýýamynda hem Gadymy Gresiýanyň taryhynyň aýry-aýry meseleleri, döwürleri boýunça umumylaşdyryjy häsiýetdäki işleriň uly topary çapdan çykarylýar.
Olardan A.B. Ranowiçiň «Ellinizm we onuň taryhy ähmiýeti» (1950-nji ý.), A.N. Zograf «Antiki monetalar (teňňeler)», W.I. Awdiýewiň we N.N.
Pi­kusyň «Gadymy Gresiýanyň taryhy» (1962-nji ý.), «Antiki Gresiýa.
Polisiň ösüşiniň meseleleri» T. 1-2. (1983-nji ý.), A.S. Şofmanyň iki bölümden ybarat «Antiki Makedoniýanyň taryhy» (1960–1963-nji ýý.) we beýleki onlarça taryhçylaryň işlerini belläp bolar. W.S. Sergeýewiň «Gadymy Gresiýanyň taryhy» atly kitaby bolsa birnäçe gezek neşir edil ýär. XX asyryň ikinji ýarymynda SSSR-de çap edilen 10 tomluk «Ählumumy taryhyň» I-II tomlary hem gadymy döwrüň taryhyny beýan edýär.
Okalan sany: 64   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 апреля 2019

XIX asyryň ahyrlarynda iňlis, amerikan, fransuz, grek arheolog alymlarynyň geçiren köp sanly ekspedisiýalary gadymy grek şaherleriniň harabaçylyklarynda gazuw-agtatyş işlerini geçirip, ol ýerlerden köp sanly ybadathanalaryň , köşkleriň, teatrlaryň, stadion laryň, bürünçden ýasalan heýkelleriň, teňňeleriň, kitap­hanalaryň üstüni açmagy başarýarlar. Grekleriň özleri Afina Akropolyny öwrenmek boýunça uly işleri amala aşyrýarlar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06562 sek. ýüklenen baýt: 31705