Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Minoý döwri
Ýazylan wagty: 22 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Irki minoý döwri (b.e. öňki 2600–2000-nji ýý.). Bu döwre çenli neolitik tapyndylar, misden we altyndan ýasalan metal önümleriň galyndylary gadymy oturymly obalaryň ýerlerinde üsti açylýar. Şol döwürde urug jemgyýetinde köpçülikleýin merhumlary jaýlamakly gyň bolandygy hem anyklanýar. Ol guburlar daşky görnüşi boýunça tegelek gazylan guburlar bolup, olarda kähalatlarda 700-e çenli adam ýerleşdirilipdir. Irki minoý döwrüniň ahyrlarynda keramiki önümler ýüze çykyp, olar ýörite bişirilýän küreleriň kömegi bilen ýasalypdyr.
Orta minoý döwri (b.e. öňki 2000–1550-nji ýý.). Bu döwür bürünjiň ýaýran döwri bolýar. Bu döwürde köşkler gurlupdyr, Knos şäheri Fest bilen hem-de Messara düzlügini Krit adasynyň demirgazyk kenarlary bilen birleşdirýän ýollar gurlupdyr. Keramikadan gap-gaçlaryň ýasalmagy ýüze çykýar. Ilkinji gezek laýdan ýasalyp, günde guradylan çyzykly (lineýniý) krit «A» ýazgysy–tablisasy peýda bolýar. Bu ýazgylar alymlaryň bellemegine görä, b.e. öň XVII asyra degişli bolupdyr. Orta minoý medeniýeti döwründe döredilen köşkler we beýleki binalar güýçli ýer titremesi netijesinde weýran bolýar. Alymlaryň bir topary bu weýrançylyklary ýer titremesi bilen, beýlekileri ot almagy bilen baglanyşdyrýarlar. Häzirki döwürde ylymda bu ýumrulyşygyň sebäbini Balkan ýarymadasyndan gelen aheýler taýpalarynyň b. e. öňki XVII asyrda bosup gelmekleri bilen baglanyşdyrylýar. Emma tiz wagtyň içinde Kritde durmuş dikeldilýär, ýykylan jaýlar täzeden gurulýar. Aheýleriň bir bölegi ýerli halklar bilen garyşyp gidýärler. Şol döwürde hem aheýleriň gelmegi bilen Krit adasynda çyzykly krit «B» haty ýüze çykýar.
Giçki minoý döwri (b.e. öň 1500–1150-nji ýý.). Bu döwürde Kritiň ähli ýerlerine Knosyň häkimliginiň ýaýran döwri bolýar.
Döwrüň häsiýetli tarapy hem ýollar abatlanyp, adanyň ähli etraplaryna ýol çekilipdir. Knosyň köşgi täzeden gurulýar, diwarlarda täze şekiller peýda bolýar. (Knosyň hökümdarlarynyň biriniň şekili, öküzler bilen söweşmek ýaly şekiller). Emma bu döwür hem weýrançylyk bilen, oýun guramak – köşkleriň ýumrulmagy bilen tamamlanýar (b.e. öň 1450-nji ý.). Mundan soň kritlileriň aheý medeniýeti ýitýär.
Okalan sany: 56   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 апреля 2019

Şeýlelik bilen, doriý taýpalarynyň bosup gelmegi başlanýar. Netijede, Krit doriler tarapyndan eýelenýär. Kritiň gadymy taryhynyň ahyrynda onuň esasy ilaty doriý taýpalary bolupdyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06966 sek. ýüklenen baýt: 31034