Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Knos köşgüniň gurluşy.
Ýazylan wagty: 22 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Krit siwilizasiýasynyň açylmagy. Knos köşgüniň gurluşy.
XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda Krit adasynda iňlis alymy Artur Ewans (1851-1841-nji ýý.) tarapyndan geçirlen arheologik barlaglar düýpli maglumatlary ýüze çykarýar. Gazuw-agtaryş işleri döwründe, hakykatdan hem, bu ýerde 300 töweregi dürli otag lardan ybarat 16 müň inedördül metr meýdany tutýan ägirt uly binagärçilik toplumy bolan Knos kösgüniň üsti açylýar. Ony arheolog lar «köşkler» diýip atlandyrýarlar. Rowaýata görä, bu ýerde Kritiň patyşasy Minosyň köşgi ýerleşipdir. Grekler oňa Labirint diýip at beripdirler. Rowaýatlarda ol örän köp otaglardan we dälizlerden ybarat bolan uly ymarat hökmünde suratlandyrylýar. Onuň içine giren adam özbaşdak daşyna çykmagyň ýoluny tapman heläk bolýarmyş.
Köşgüň otaglary bir ugurly däl-de, örän başly-barat ýerleşdiri lipdir. Emma içerki bitertiplige garamazdan, ol bitewi bir desga görnüşine eýe bolupdyr. Ony bitewi görnüşe getirýän esasy zat merkezde ýerleşen uly meýdança bolup, otaglaryň ählisinden şol meýdança barmaga mümkinçilik berýän çykalgalaryň bolmagydyr. Meýdança dörtburç biçüwde bolup, oňa daş düşelipdir. Meýdança hojalyk maksatlary üçin däl-de, dini dessurlary geçirmek üçin niýetlenipdir.
Köşk, esasan, iki gatdan ybarat salnypdyr, gatlara sütünlere berkidilen basgançaklar arkaly çykylypdyr. Köşgüň merkezinde uly howly bolup, onuň daşyny köp sanly otaglar tutupdyr, olar hem öz gezeginde howlujyklara bölünipdirler. Otaglaryň köpüsiniň aşagynda ýerzeminler gurlupdyr. Knos köşgüniň käbir otaglary azyk önümlerini saklamak üçin niýetlenipdir. Köşgüň aşaky gatynda ýarag saklanýan ammar bolupdyr, ol ýerde naharhana-da ýerleşipdir. Köşk hyzmatkärleri we ussahana üçin hem ýörite otaglar gurlupdyr.
Köşgüň günorta böleginde bolsa hammam toplumy bolup, ol ýerde ýuwunylypdyr. Köşgüň özünde üçekden akýan ýagyn suwuny hammam üçin peýdalanypdyrlar, onuň üçin bolsa ýörite howuz gurlupdyr. Şeýle-de, ol ýerde köşk adamlary üçin kir ýuwulýan ýer hem bolupdyr. Köşge suw geler ýaly keramiki turbalar hem çekilipdir.
Patyşanyň meýlis guraýan, myhman kabul edýän uly zalynyň düşegi gyzyl suwag bilen suwalypdyr.
Okalan sany: 73   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 апреля 2019

Patyşanyň tagtynyň iki gapdalynda diwaryň boýy bilen deň gežden (gipsden) ýasalan oturgyçlar goýlupdyr. Myhman otagynyň günbatar tarapynda hemişe ot ýanyp duran otag bolup, ol ýerde hudaýlara sežde edilipdir. Knos köşgüne meňzeş köşkler Feste, Mallin, Agia-Triada ýaly şäherlerde hem gurlupdyr, emma olar has kiçi ölçeglerde bolupdyr. Knos köşgi ýer titremesi zerarly birnäçe gezek ýumrulypdyr we gaýtadan dikeldilipdir. Köşkleriň ilkinji peýda bolan wagtyny alymlar b.e. öň 2000-nji ýyl diýip kesgitleýärler, bu ýerde ýaşaýşyň togtan, köşkleriň ýykylan wagtyny bolsa, b.e. öň 1200 ýyl bilen seneleýärler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09546 sek. ýüklenen baýt: 31697