Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmenlerde at münmegiň peýdasy
Ýazylan wagty: 26 апреля 2019 Ýazan NEXTTM
     Türkmeniň behişdi bedewlerini näçe taryp etseň-de bärden gaýdýar. Türkmen halkynyň bedewlere goýýan sarpasy örän belent. Şahyrlaryň waspyny söýgi bilen ýetiren, eýesiniň şatlygyny-da, gynanjyny-da deň paýlaşan behişdi bedewler görki bilen göreni haýran edýär. Laçyn bakyşly, seýkin basyşly, kowsa ýetýän, gaçsa gutулýan gamyşgulak ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhy türkmen halkynyň ykbalyna utgaşyp, asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Atçylygy kesp-kär edinen türkmeniň owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk bedewleri ýetişdirendigine taryh şaýatdyr.


    Bu gün ýurdumyzda behişdi bedewleriň şan-şöhraty has-da arşa göterilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan atçylyk-sport toplumlarynda milli atşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegi, at üstündäki milli sport oýunlarymyzyň giňden dünýä ýaýylmagy üçin ähli şertler bar. Atçylyk sport toplumlarynda indi ençeme ýyl bäri geçirilýän ýazky we güýzki at çapyşyklary unudylmajak täsirleri galdyrýar. Her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri geçirilýän at çapyşyklary uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Şenbe gününde ýaş çapyksuwarlaryň arasynda geçirilýän at çapyşklary ýaşlaryň at münmäge bolan höwesleriniň uludygyna şaýatlyk edýär. Ýeri geleninde aýtsak, at münmäge, çapmaga höwes edýän islendik adam üçin atçylyk sport toplumlarynda hemme şertler döredilendir. Döwrebap derejede gurlan atçylyk sport toplumlary indi at münmäge, atly gezim etmäge isleg bildirýän adamlaryň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.


     Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan bedewleriň ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda hem peýdasy uludyr. Bu barada Balkan welaýat köpugurly hassahanasynyň terapiýa bölüminiň müdiri Şöhrat Nurgeldiýew şeýle gürrüň berdi: 
    - At münmek, adamda duş gelýän dürli keselleri bedewe bolan ýakymly garaýyşlaryň, söýginiň täsiri bilen bejermek usulydyr. Irki wagtlarda maýyplygy bolan adamlara saglyk kömegini bermekde ippoterapiýadan peýdalanylypdyr.

     Ippoterapiýada ruhy we beden sagdynlygy  sazlaşýar. Has anyk düşündirip aýtsak, bedewiň ýanyna baran adam ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Bedewiň gözelligi, mähirliligi, oňa dakylan esbaplaryň, şaý-sepleriň nepisligi, owadanlygy   ruhy taýdan oňyn täsirini ýetirýär. Adam ownuk-uşak aladalardan saplanýar, göwni ganatlanýar. Ata-babalarymyz «Bedew münen hassa sagalar» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Bejergi üçin at münülende, ýarawsyz adam bedewiň üstünde eýersiz oturýar, şonuň netijesinde atyň endamynyň gyzgyny oňa täsirini ýetirýär. At münmek adamyň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrmak bilen, onuň hereketine tygşytlylyk, takyklyk, ynamlylyk häsiýetini çaýýar, göwräňe arkaýyn erk etmegi, deňagramlylygyňy saklamagy öwredýär. At münmegiň peýdasy beden synalarynyň öňe-yza, aşak-ýokaryk, saga-çepe bolup geçýän endigan yraň atmalarynyň, şeýle-de at münýäniň başdan geçirýän ýakymly duýgy-pikirleriniň bir ýere jemlenmegi arkaly ýüze çykýar. Ippoterapiýanyň kömegi bilen esasan çaga ysmazyny, bil-oňurga ýiliginiň zeperlenmelerini, myşsa işjeňliginiň düýpli bozulmalaryny bejermekde oňat netije gazanyp bolýandygy subut edildi.
Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06870 sek. ýüklenen baýt: 32373