Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sirk sungaty – şowhunly sport
Ýazylan wagty: 19 сентября 2013 Ýazan NEXTTM

Sirk sungaty – şowhunly sport

Ýurdumyzda adamlaryň döwrebap ýaşamaklary we işlemekleri üçin örän uly mümkinçilikler yzygiderli döredilýär. Şu münkinçiliklkeriň çägi hem barha giňeýär. Mysal üçin aýadanymyzda medeni derejä, sport ulgamyna, saglyga ýardamyny ulydan ýetirýän sirk sungaty öz mynasyp ösüş ýoluny tapdy. Her bir türkmen obasynyň öz medeniýet öýi, oba muzeýi döredildi. Gözel paýtagtymyz we merkezi şäherler suwçüwdürimleriň, ajaýyp ymaratdyr-seýilgähleriň mekanyna öwrülen bolsa, gün-günden pajarlap ösýän bolsa, bütin ýurdumyz paýtagtymyza mynasyp derejede ösýär. 

Ýurdumyzyň medeni ulgamynyň we sport ulgamynyň täsirli görnüşi bolan türkmen milli sporty has uly gerimlere eýe boldy. Şu nukdaýnazardan alanymyzda türkmen sirki örän uly taryhly gadymy görnüş bolup, bu uly ugur häzir sportyň hem medeniýetiň bilelikdäki ugry hökmünde has-da kämilleşýär. Ýurdumyzda sirk köşgümiz täze lybasa girip, täze enjamlara, mümkinçiliklere eýe bolup, dünýäniňiň ajaýyp diýilýän sirk ymaratlarynyň derejesine egnini deňläp, toý baýramlarda öz kaşaň ymaratynyň nepis gapylaryny tomaşaçylara giňden açýar. 

Türkmen sirkiniň arenasynda milli äheňli täze röwüşli sirk oýunlar görkezilýär. Sirk sungaty dünýä medeniýetiniň özboluşly tertibe eýe bolan hem-de energiýany we ruhubelentligi döredýän sungat hasaplanýar. Sirk sungaty oýunly sportyň tomaşaçylara gülki berer ýaly oýlanyp tapylan tertipli görnüşidir. Sirk munuň özi çeýeligi we çydamlylygy, akyl paýhasy talap edýän dünýä möçberinde kämilleşen sungat görnüşidir. Maneždäki tomaşa täsin galdyrýan dünýä bolup, onda dogumlylyk we çalasynlyk, syratlylyk we nepislik, gözellik we zehin dabaralanýar.

Häzirki milli sirkde atly toparyň çapyksuwarlary - ýurdumyzyň sirk sungatynyň iň gowy däpleriniň mirasdüşerleri, çeýe hereketleri bilen täsir galdyrýan, täsin gülkili hereketleri bilen tomaşaçylara ýaraýan, öz ussatlyklaryny görkezip tomaşaçylary haýran galdyrýan sirkiň bu günki milli toparlary has-da kämilleşýär. Behişdi bedewleriň gözelligi we ýyndamlygy, şeýle hem ata-babalarymyzdan miras galan atüstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetiren türkmen çapyksuwarlarynyň başarjaňlygy türkmen halkyny buýsandyryp, sirk sungatyny dabaralandyrýar.
Asyrlarda yz galdyryp gelen sirk sungatynyň akkrobatika, žanglorçylyk, ýeňil atletika, gözbagçylyk (fokus) ýaly görnüşleri bolup, munuň onlarça görnüşleri bolupdyr. Sirk hünäri töwekgelçiligiň, ugurtapyjylygyň, ýiti ünsüň, ägirt uly döredijilik oýlanmasynyň jemlenen özbaşdak sungat ulgamyny  hasyl edýär. Bu görnüşleriň içinde türkmen sirki üçin iň mahsus we milli häsiýetli bolan görnüş–jigitleriň at üstündäki çykyşydyr. Bu çykyşlaryň ähliside bu gun bu owadan sahnada giňden görkezilip halk köpçüligi, galybersede, körpeje çagajyklaryň söýgüsini gazandy. 

Türkmenistanyň dowlet sirkiniň ajaýyp sahnasynda çykyş eden türkmen ýigitleriniň at üstündäki oýunlary, japbaklaryň şagalaňy, dabaraly masgarabazlaryň şüweleňi, tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýär. Galybersede, bu sahnada dünýäniň ençeme döwletleriniň sirk toparlarynyň gyzykly çykyşlary baýramçylyk dabaralaryna özboluşly sowgat bolýar.

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe täzeden rowaçlyga eýe bolan milli medeniýetiň we sungatyň täzeden dikeldilen görnüşleriniň biri hökmünde sirk oýunlary has-da kämilleşýär. Aslynda sirk dünýä ýurtlarynyň aglabasynda bar hem bolsa, oňa şol döwletde ýaşaýan halkyň milliligi siňýär. Dünýäniň ýakyn-u-alys künjeklerinden mawy ekran arkaly berilýän tomaşalar elbetde, belli bir dereje berýär, ýöne öz Watanyňda ussat atşynaslaryň seýislän, tebigatyň gudraty bilen dörän bedewlere çapyk-suwarlaryň kaskadiorlaryň, erk edişini synlanyňda alýan lezzetiň düýbünden başga. Irki döwürde derbazçylaryň ýüp üstünde gökezýän oýunlary-da töwerege ýygnanan uly kiçi jemagata dünýäni unutdyryp bilipdir. Bu tomaşalaryň aňyrsynda türkmeniň kaskadiorçylygy we akrobatikasy hem ýatandyr. Meýdançadaky çykyşlarda gimnastikaçylar, wäşiler, agyr daşlary üstiaşyr zyňyp gursagyna we egnine urýan daýaw pyýadalar, suhangöý alypbarjylar halka hezil berýäler. Ýumruk bilen daş döwmek, eliň aýasy bilen urup çüý ýa-da başga bir ujy ýiti jismi galyň tagtadan geçirmek we myhy dişläp yzyna çykarmak, ýagyrnysy aştagta ýaly pälwanlaryň göreşi, gözbagçylyk türkmeniň gadymy oýunbazçylyk sungatynyň käbir görnüşleridir. Sirk merkezindäki görkeziljek oýunlar, hokgabazlaryň çykyşlary milli ruhdan ruhlanyp türkmen halk köpçüligine ýetirilýär. Halk köpçüligi tarapyndan giň goldawa eýe bolan sirk oýunlary ýaşlaryň edep-terbiýesine hem uly täsiri bolar. 

Sirk oýunlarynyň ýene-de bir täsin görnüşi welo sport görnüşidir. Ýeke tekerli, iki tekerli ýagny bir tekeri uly, bir tekeri kiçi welosipedlerde oýunlar has-da gyzykly oýunlardyr. Häzirki welosportyň rowaçlanýan döwri bu sportyň görnüşi has-da gyzykly ugurdyr. Welosport adamlarda çeýeligi, gözelligi, ruhybelenligi kemala getirýär. 

Umuman sirk we sport sungatlary has-da gadymy görnşli güýmenjeler bolup wagtyň geçmegi bilen her bir ýurtda kämilleşip, şol ýeriň milliligini kabul edipdir. Türkmen milli sirki hem sporty örän gadymlardan gözbaş alyp Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe gol ýaýaradyp ösüp örňeýär. 

Okalan sany: 484   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07458 sek. ýüklenen baýt: 34342