Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ruhy türgenleşme
Ýazylan wagty: 20 сентября 2013 Ýazan Sasoltan

Ruhy türgenleşme:ýürek rahatlygy.


 


     Adam gorksa, gynansa, tolgunsa, gaty begense ilkinji nobatda ýüregi çalt urup başlaýar, damarlary      gysylyp, nerw damarlary dartylýar, agyry-ynjy döräp, tolgunmadan gan basyşy üýtgäp, biynjalyk bolýar. Bu ýagdaýda aljyraman, ruhy türgenleşmäniň sözlerini gaýtalaýan adam özüni rahatlandyryp  biler.Geçirilişi: Kürsä rahat oturmaly ýa-da düşekde arkan ýatmaly. Endamyň doly gowşadyp, Içiňden 15-20 minudyň dowamynda ruhy türgenleşmäniň sözlerini gaýtalamaly.


 


                                        Men ruhy türgenleşmä başlaýaryn.


                                        Endamymy doly gowşadýaryn we rahatlanýaryn.


                                        Dem alyşym örän ýeňil we asuda.


                                        Aljyramok, howsala düşemok, rahat.


                                        Hyýalymda ellerim ýyly suwa goýberlen ýaly duýýaryn.


                                       Ýylylyk barmaklarymyň ujuna, goşarlaryma ýaýraýar.


                                       Ýylylyk goşarymdan çep gursagymyň damarlaryma ýaýraýar.


                                       Ýüregim ýakymly ýylyny duýýar.


                                       Meniň ýüregim rahatlanýar.


                                       Meniň gursagymda ýeňillik, ýylylyk, rahatlyk peýda bolýar.


                                       Men rahat.Men ynjalýaryn.Men dynç alýaryn.


                                       Tolgunmam doly aýryldy, men rahatlandym.


                                       Meniň ýürek, damar urşum örän asuda.


                                       Gursagymda ýeňillik,mylaýym duýgular.


                                       Men özümi rahat hem asuda duýýaryn.


                                       Men dynç aldym.


                                       (Howlukman 1 ýola demiňizi alyp göýbermeli, gözüňizi açýarsyňyz).


                                       Ruhy türgenleşme tamamlandy.


Okalan sany: 341   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
20 сентября 2013

Ruhuňyzy türgenleşdirmek üçin beren maslahatlarymy dogry berjaý edersiňiz diýip umyt edýärin. Haýyr tapyň


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06498 sek. ýüklenen baýt: 42306