Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Çaganyň ýa-da maşgalanyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak
Ýazylan wagty: 09 мая 2019 Ýazan Mayichka
Çaganyň ýa-da maşgalanyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaly diýlende, nämäniň göz öňüne
tutulýandygy hemmelere düşnüklidir. Emma daşky gurşawyň saglygy babatda şeýle aýdylmagy
nämäni aňladýarka?
Biz ekologik saglyk barada gürrüň edenimizde, daş-töwregimizdäki gurşawyň saglygymyza ýetirýän
täsirini, şeýle hem biziň hereketlerimiziň daşky gurşawa ýetirýän täsirini göz öňüne tutýandyrys. Eger
azygymyz, suwumyz we howamyz hapalanan bolsa, dürli keseller bize “ýaran” bolarlar. Eger-de biz
howa, suw we toprak babatda seresaply bolmasak, daşky gurşawy “keselletmegimiz” ahmal. Biz
daşky gurşawy goramak bilen, öz saglygymyzy goraýandyrys.
Ekologiýanyň erbetleşmegi zerarly bir adam ýa-da jemgyýetiň haýsydyr bir topary kesellände,
muňa üns-de bermeýärler. Emma bu ýagdaý tutuş jemgyýete galtaşyp başlanda welin, hemmeler
özleriniň howp astyndadygyna düşünip, ekologik saglygy gowulandyrmak babatda degişli çäreleri
görüp başlaýarlar. Şeýle meseleler bilelikde çözülende, adamlar degişli özgertmeleri gazanmak üçin
özara hyzmatdaşlyga taýyndyrlar.
Kitabyň şu babynda Ekwadoryň Manglaralto şäherçesindäki jemgyýetçilik saglyk guramasynyň
taryhy gürrüň berilýär. Bu guramanyň saglyk işgärleri mergi keseliniň köpçülikleýin ýaýramagynyň
öňüni aldylar. Birnäçe wagt geçenden soň, bu saglyk birleşiginiň agzalary jemgyýetdäki beýleki
saglyk meselelerini hem üstünlikli çözmegiň usullaryny tapdylar.
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06502 sek. ýüklenen baýt: 29684