Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Özgerişlikler ugrunda bile zähmet çekmek
Ýazylan wagty: 09 мая 2019 Ýazan Mayichka
Özgerişlikler ugrunda bile zähmet çekmek
Oba saglyk mugallymlary ilki bilen oba ilatyna içgeçmäniň ýüze çykmagyna sebäp bolýan
merginiň we beýleki keselleriň nädip ýaýraýandygyny düşündirdiler. Soňra olar her öý hojalygynyň,
tutuş obalaryň öz suw üpjünçilikleriniň arassa bolup-bolmazlygyny barlamaga kömek etdiler.
Içgeçme keselleri zerarly adamyň bedeni suwsazlynyp, onuň aradan çykmagy ahmal. Şonuň üçinde, oba mugallymlary gaýnan suwa şeker we duz atyp, suwsuzlanmanyň öňüni alýan regidron
içgisiniň taýýarlanyşyny hem öwretdiler. Olar merginiň öňüni almak üçin ähli ýerde: mekdeplerde,
metjitlerde, okuw merkezlerinde we jemagatyň üýşýän ýerlerinde düşündiriş işlerini geçirdiler. Saglyk
mugallymlary ilata ellerini wagtly-wagtyna ýuwmalydygyny, howpsuz hajathanalary gurmalydygyny
we diňe hajathanalardan peýdalanmalydygyny aýratyn nygtadylar. Birnäçe hepdeden mergi keseliniň
bady gowşap, kem-kemden ýitip başlady.
Emma muňa garamazdan, saglyk howandarlary merginiň gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleri
geçirmelidiklerini bilýärdiler.
Ýerli inženerleriň kömegi bilen adamlar suw geçiriş ulgamlaryny gurmak, obalardaky hajathanalary
gowulandyrmak we öý hojalyklarynyň her birinde ýuwunmak üçin ýeterlik suwuň bardygyna göz
ýetirmek üçin birleşipdiler. Oba ilaty bu işleri özleri ýerine ýetirip, suw ulgamlaryny, hajathanalary
arassalamagyň hem-de arassa saklamagyň usullaryny öwrendiler. Şeýle hem olar mal-garalaryň
saklanylýan ýerleriniň daşyna germew aýlap, guýularyň we suw saklanylýan uly göwrümli gaplaryň
agzyny mäkäm ýapdylar. Bu mal-garalaryň tezeginiň agyz suwuna galtaşmagynyň ýa-da çybyn-
çirkeýler arkaly keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen edildi.
Saglygy goramak ugrundaky işler gyzgalaňly alnyp barylýardy. Soňabaka bu işlere beýleki obalar
hem goşuldylar. “Salud para el Pueblo” taslamasynyň işi 22 obada başlanylyp, soňabaka 100 oba
ýaýbaňlandy. Aradan köp wagt geçmänkä, bütin sebitde mergi keselinden nam-nyşan galmady,
beýleki keseller hem düýpli azaldy.
Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05665 sek. ýüklenen baýt: 30381