Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bagsyz baýyrlar üçeksiz jaýlara meňzeýär
Ýazylan wagty: 09 мая 2019 Ýazan Mayichka
Bagsyz baýyrlar üçeksiz jaýlara meňzeýär
Ekwadoryň kenarýakalaryndaky baýyrlar we daglar ozal gür tropiki tokaýlyga bürelendi. Mangro
agaçlary derýanyň süýji suwunyň deňziň şor suwy bilen garyşýan ýerlerinde ösýärdiler. Mangro
agaçlary kenarýakalaryny gaý-tupanlardan goraýardylar, dürli balyklar we molýusklar olaryň arasynda
mesgen tutunýardylar.
Bambuk agaçlary (hindigamşy) akymyň ugrunda ösüp, derýa kenarlarynyň ýuwlup äkidilmeginden
goraýardylar. Tokaýlar kölegeläp oturan ägirt uly seýbo agaçlaryndan doludy. Olaryň uzyn kökleri
suwy we topragy süýşmekden goraýardylar.
Kösük agaçlary dagyň eňňitlerinde ösýärdi.
Olar topragy saklap, ýapylary opurylmalardan
goraýardy. Agaçlaryň ýapraklary ýere gaçyp
topragy çüýrüntgi bilen baýlaşdyrýardylar.
Tokaýlarda adamlar, şeýle hem sugunlar,
guşlar, mör-möjekler, hažžyklar we beýleki
haýwanlar mesgen tutunypdylar. Adamlar
bambuk agajyndan we palma ýapragyndan
öý gurunýardylar. Ol ýerlerde aw awlar ýaly
haýwanlar, iýer ýaly ýabany ir-iýmişler, bagçylyk
we kiçiräk daýhan birleşikleri üçin suw we mes
toprak bardy.
Emma soňky 100 ýylyň dowamynda
demirýollary çekmek we jaýlary gurmak üçin
agaçlaryň aglaba bölegi çapylyp aýrylypdy.
Demirýol çekilenden soň, Ýaponiýýdan gelen
topar galan agaçlary çapyp, olary öz ýurtlaryna
ibermek üçin, deňiz ýakasyndaky porta äkitdiler.
Tropiki agaçlar äpet bolandygy üçin, bu topar
olaryň satuwyndan köp pul gazandy. Şol
sebitdäki agaçlaryň bary çapylyp gutarylandan
soň, ýaponlar öz ýurtlaryna dolandylar.
Demirýollara oňat gözegçilik edilmändigi üçin,
olaryň ýagdaýy erbetleşdi.
Soňabaka bolsa olar bütinleý idegsiz galdy.
Häzirki wagtda Ekwadoryň kenarýakalary
çölüstanlygy ýatladýar. Baýyrlar güne ýanyp,
olarda kölege salýan agaçlar indi ýok. Gurak
möwsümde toprak ýele tozap, howa tozandan
dolýar. Ýagyşlar möwsüminde bolsa toprak
batga öwrülýär, baýryň ýapgytlary opurylyp
süýşýär. 1997-hji ýylda El-Nino apy-tupany
gelende, oba ilatyny onuň weýran ediji
güýjünden gorajak agaçlar ýokdy.
Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06246 sek. ýüklenen baýt: 30538