Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Fiziki maşklaryň ähmiýeti
Ýazylan wagty: 09 мая 2019 Ýazan Mayichka
Fiziki maşklaryň ähmiýeti
Hat ýazylanda, okalanda, surat çekilende, stolda ussaçylyk
işleri ýerine ýetirilende ýeterlik ýagtylandyrma, dogry oturmak
hem-de işjeň dynç alyş wajypdyr. Görüş bilen bagly işlerde her
1 sagatdan soň, ýylyň paslyna garamazdan, 10-15 min arassa howada bolmak maslahat berilýär. Fiziki maşklar öýkenleriň dem
alşyny, ýürek muskullarynyň gan aýlanyşygyny gowulandyrýar,
hereketsiz ýagdaýda duran muskullary dinamiki ýagdaýa geçir­
ýär. Muňa gözüň muskullary hem degişli bolup, has hem uzaga
seredilende olar gowşaýarlar. Eger daşaryk çykmaga mümkinçilik
bolmasa, açyk äpişgeden uzaga seredip, gözler üçin birnäçe fziki
maşk etmek peýdaly.
Iş durky
Oturan ýagdaýynda adam kellesini we göwresini uzak wagtlap
dogry saklamak bilen bagly hemişelik agrama sezewar bolýar.
Oturylan ýagdaýda göwräniň deňagramlylygyny saklamak üçin
düşýän agyrlyk güýjüne garşylyk görkezip, muskullarda ýadawlyk
ýüze çykýar. Okuwçy ýygy-ýygydan nädogry oturmak bilen ony
endige öwürýär. Bu endik muskullaryň asimmetriýasynyň döremegine (bir egniň beýlekiden ýokarda durmagyna),
durkuň bozulmagyna (aýlawly arka, garnyň öňe çykyp durmagy),
käwagt bolsa oňurganyň gyşarmagyna getirýär. Mundan başga-da
okuwçy kitaba has ýakyndan seredip, göze düşýän agramyň has
köpelmegine, netijede, şowakörlügiň peýda bolmagyna özi itergi
berýär. Oturgyçda dogry oturylanda göwre dik ýagdaýda, kelle
biraz öňe eglen, eginler stoluň gyrasyna parallel hem gorizontal,
aýaklar but-çanaklyk we dyz bogunlaryndan gönüburçluk görnüş-
de epilen, eller stoluň üstünde erkin goýlan, arka tarapy oturgyja
ýaplanan ýagdaýda bolmaly.
Okalan sany: 48   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 мая 2019

Soňky wagtlarda gigiýenist lukmanlaryň bellemegine görä, hat ýazylanda göwräniň biraz öňe egilmegi kadalaýyk hasaplan­ ýar. Şu oturyşda arkanyň muskullarynyň dartgynlygy peselýär, gan aýlanyşygy we dem almak kadalaşýar, görüş seljermesi üçin amatly şert döreýär. Hat okalan, ýazylan mahalynda boýnuň, arkanyň, gözüň muskullarynyň dartgynly işleýänligi sebäpli şeýle şertleri döretmek zerurdyr. Eger oturgyçdyr stoluň ölçegi bedeniň ölçeglerine, boýuna gabat gelse, onda bu ýagdaý kada diýlip hasaplanýar


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06124 sek. ýüklenen baýt: 31140