Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Janly tebigat Delfin
Ýazylan wagty: 20 сентября 2013 Ýazan NEXTTM
                                     Janly tebigat Delfin

      Delfinler juda akylly jandardyr. Olarda adamlara mahsus käbir häsiýetleriň bardygy hakynda grek rowaýaty bar. Gadymy döwürlerde deňziň kenar ýakasynda ýaşaýan bir oglanjyk delfin bilen dostlaşypdyr. Delfin ony suwuň içi bilen aýlagyň aňry ýüzündäki mekdebe gatnadypdyr. Oglanjygyň mekdebe gidýän hem-de mekdepden gelýän wagty delfin oňa kenarda garaşýan eken. Bir gün oglanjyk keselläp, okuwa gatnamagyny bes edipdir. Bu aýralyk delfine juda agyr degipdir. Günleriň birinde ol dostuna garaşýan ýerinde heläk bolupdyr. 
     

Taryhy maglumatlardan belli bolşuna görä, Delfinler balykçylaryň hem ýakyn kömekçisidir. Olar balyklary tora salmaga kömekleşipdirler. Hoşallyk hökmünde balykçylar kömekçilerini çörek bilen naharlapdyrlar. “Pilorus Jek” diýip atlandyrylýan delfin 30 ýylyň dowamynda Täze Zelandiýada gämilere Admiralteý aýlagynyň aňry ýüzine geçmäge kömekleşipdir. Ol gäminiň öňünden ýüzüp ýol görkezipdir. Ony goramak barada ýörite kanun kabul edilipdir.
    
Delfinler suwda ýaşaýandyklaryna garamazdan, howadan dem alýarlar. Olar köplenç topar bolup, ýagny 15-40 sany bolup ýaşaýarlar. Delfinler, esasan, çagalary diýseň gowy görýärler. Olar körpeleriň iň ýakyn dostudyr   

Okalan sany: 930   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
21 сентября 2013

Delfini kinofilmlerde hem iň akylly jandarlaryň hatarynda görkezýärler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05809 sek. ýüklenen baýt: 30415