Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bilýard
Ýazylan wagty: 21 сентября 2013 Ýazan NEXTTM
 Bilýard.


Bilýard oýny adamzada eýýäm 4000 ýyl bäri belli. Bu oýunyň döreýiş taryhy gyzykly ýagdaýlardan, gürrüňlerden, rowaýatlardan doly. Hakykat – näme, ýalan näme – muny siz özüniz çözüň. Bilýardyň ilkinji partiýasyny kim we nirede oýnamalydygyny aýtmak juda kyn.
   
Ylmy jemgyýetde şu wagta çenli ‘’kiý’’ bilen ‘’şary’’ birinji bolup kim we nirede uranlygy baradaky jedeller dowam edýär. Artefaktlardan ugur alsak, gadymy ýegiptliler, häzirki günde meşhurlykdan peýdalanýan, bu oýny döredijilerdir, çünki häzirki Ýegiptyň territoriýasynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde çaga guburyndan tapyndylar tapyldy. Tapyndylar hakyky, olar 4 şardan 3 taýakdan we fişkalaryň toplumyndan öň 3300 ýyla degişli edýärler. Bu günki güne bu döwrebap bilýardyň ilkinji görnüşi hasaplanýar. 
   
Ilkinji rus reformator – bilýard şary, çilimi, daşary ýurt egin-eşiklerini, ýiti päkileri we beýleki peýdaly zatlar bilen bilelikde Rus Imperiýasyna kiýi, stoly getirdi. Şol döwürden baýarlar sakgallaryny syrmaly, çilim çekmegi öwrenmeli, şeýle-de rus bilýardyny oýnamaly bolupdyrlar. Ýokary Howpsuzlyk soweti sar tagtynyň mirasdüşeri ýaş Pýotr II  üçin umumy bilim maksatnamasyna tans, at çapmak, takyk ylym we dini sapaklary bilen bilelikde bilýard boýunça sapaklary goşmaly bolupdyrlar. 
   
Özüniň ýagty zähmet ýolunda öz halky üçin köp gowulyklary eden, ABŞ-nyň iki dollarlyk pul birliginde keşbi şekillendirilen ABŞ-nyň 3-nji Prezidentidir. Ol watan gullugyny we flot gullygyny gysgaltdy, Luizian ştatynyň territoriýasyny Fransiýadan aldy, Kongresyň meşhur kitaphanasyny yglan etdi we Wingiriýada Uniwersiteti döretdi.
   
Ol şeýle bir işleriniň köplüginden Wengiriýada bilýard oýnuny oýnamazlyk baradaky düzgüni ýatyrmady. Şonuň üçin, eýýäm garry ýaşa ýetende, Montiçello mülküne göçeninden soňra özüniň jaýynyň üçinji gatynda işdeş-pensionerler bilen bilýard oýnap kanuny bozupdyr.
   
XVIII  asyrda  bilýard  elitar derejesinden  uly  sporta  öwrüldi. Ýan ýoldaşlarynyň  gijelerine bilýard oýnap  öýüne  gelmeýänligi  aýallarynynyň  göwnüne  ýaraman, bu hem şeýle ýagdaýa bilýardyň ösmegine öz täsirine ýetiren bolmagy ahmal. Özara maslahatlaşyp oýunçylaram türgenlige geçmek baradaky netijä gelendirler.
   
Özüniň oýnunyň ähmiýetliligini subut etmek maksady bilen, olar ilkinji gezek ABŞ-da 1873-nji ýylda dünýä Çempionatyny geçiripdirler. Duşuşyk halkarady, onda fransuz bilýardçysy jenap Garnýe ýeňiji boldy, onuň ady dünýä bilýardynyň taryhyna ýazyldy. Şondan soň, çempionatlar yzygiderli geçirilýär, onuň baýrak pullarynyň möçberi pokeriňkä we tennisiňkä barabar. Beýik söz ussatlary Mihail Radziwil we karol Radziwil (halk arasynda Pane-Kohanku) özleriniň Neswiždaky köşklerinde şar tigirlemegi halapdyrlar. XVIII asyryň başynda söwdegär knýazlar bu oýundan peýdalanyp ilkinji gezek kiýleriň manifakturasyny öndürip başladylar. Sport enjamy Ýewropanyň ilatynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar.  

Karol Radziwil bu oýuny pully oýnamagy gowy görüpdir diýen gürrüňler hem bar. Neswiž köşgüň bir zalynda ýörite aldaw stoly ornaşdyrylan eken,  şara urulanda, gerekli burça egilýän eken. Halk arasynda “garaşylmadyk sowgatly” şarlar hem bolupdyr diýen gürrüňler bar, olar hem aralykda hereket getirilýän eken. 

Häzirki döwrüň adamyna bu şeýle geň zat hökmünde garalmagy mümkin, emma Fransiýada ruhanylar bilýard oýnamagy gadagan edipdirler. XV asyrda bir partiýa oýnamak Hudaýy ret etmek we günä gazanmak bilen deňeçer görlüpdir. Bu oýuny söýüjülere görülýän çäreleriň nähilidigi barada zat diýmek asla kyn has hem bu oýuny oýnamak gadaganlygy barada Fransiýanyň Karolynyň ýörite permany bar eken.

Umuman, bu ýagdaý uzak dowam etmedi, eýýäm XVI asyrda gyzyl çaýylan bilýard stoly karolyň ýatakhanasynyň adaty predmeti bolup başlady we oýun gilýotina oýuny ýaly meşhur bolupdyr. 

Ýazuw işlerinden boşaşan mahaly Mihail Bulgakow we Wladimir Maýakowskiý biri-biri bilen bilýard stolynyň başynda göreşipdirler. Nusgawy şahyrlaryň her biri bu oýuna bolan söýgüsi dürli, munuň beýledigini olaryň döredijiliginde hem görüp bolýar. Şeýlelik bilen,  näzik köňül duýguly Mihail Afanasýewiç Bulgakow, inçe we ýuwelir “piramidany” halapdyr. Şol bir wagtda, sowet köpçüliginiň ýaragynyň sütüni bolan, Wladimir Wladimirowiç Maýakowskiý tüpeň urgulary “amerikankalary” halap, bu ugurda tanymal hasaplanypdyr.

Şeýle hem, şol yzda galan sowet döwri, bu oýuna pul goýulýan eken. Maýakowskiýde bolsa, her bir rus-gruzin adamsyna mahsus bolşy ýaly humar oýunlaryna bolan gowşaklyk bar eken. Orta goýmaga hiç hili pul tapylmadyk wagty, ol heniz alynmadyk  iş halyna ynanç hatyny ýazyp beripdir.      

Okalan sany: 412   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
21 сентября 2013

Bilýard oýny hem indi sport görnüşi bolup durýar. Ýöne ýalňyşmasam heniz bilýard sport mekdebi ýokmuka diýýärin. Bu oýun boýunça halkara ýaryşlary hem geçirilýär.
 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05485 sek. ýüklenen baýt: 34829