Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Apatiýa
Ýazylan wagty: 11 мая 2019 Ýazan Mayichka
Apatiýa – meýilsizlik, ýadawlyk, agyr hasrat ýa-da nähoşluk netijesin­
de döreýän psihiki ýagdaý bolup, ol höwesiň ýitip, daşky zatlara biper­
waýlygyň döremeginde ýüze çykýar.
Patopsihologiýa – psihikanyň keselli, defektli üýtgeşmelerini öwren­
ýän psihologiýa ylmynyň şahasy.
Pedagogik psihologiýa – psihologiýanyň okadylyşyň we terbiýäniň
psihologik problemalaryny, meselelerini öwrenýän şahasy.
Amaly ýumuşlar
1. Çaganyň mekdepdäki ilkinji günleri döwründe birinji synpa gelen
okuwçylar bilen tanyşmak gürrüňdeşligini geçirmek.
2. Öz ýoldaşlaryň birine syn etmegi guramak we ondaky käbir aýratynlyklary bellemek.
3. Başlangyç synp okuwçylarynyň çeken suratlary esasynda olaryň
zatlary kabul ediş aýratynlyklaryny kesgitlemek.
4. Psihologiýanyň belli bir usullarynyň biri hakynda awtoryň aşakdaky
aýdýan sözleri bilen ylalaşyp bolarmy? Bu ýerde haýsy usul hakda
gürrüň gidyär we onuň manysy näme?
“Pikir edýän adama şol bir wagtyň özünde pikirlenýän we öz pikirlenmesine gözegçilik edýän hökmünde seretmek bolmaz”.
5. Eger adamyň özi aýtmasa, onuň gaýgylanýandygyny ýa-da şatlan­
ýandygyny biz nämäniň esasynda bilip bilýäris? Bu ýagdaýda biz akyl
ýetirişiň haýsy usulyndan peýdalanýarys?
6. Näme üçin adam gapynyň kakylýan sesini eşidip, derrew onuň
ýanyna barýar? Şu ýagdaýda adamda nähili akyl ýetiriş prosesi bolup
geçýär?
7. Bu ýerde psihologiýanyň haýsy usullary göz öňünde tutulýar? Ola­
ryň her biriniň artykmaçlygy we kemçiligi nämeden ybarat?
a) topardaky we kollektiwdäki şahsyýetara gatnaşyklaryň gurluşyny,
psihologik gabat gelmekligi kesgitlemeklige niýetlenen psihologik der­
ňew usuly.
b) çagalaryň çeken suratlarynyň esasynda psiholog olaryň predmetleri
kabul ediş aýratynlyklaryny kesgitleýär; çagalaryň ýazuw işlerini çuň­
ňur analizlemek we alnan maglumatlary beýleki eksperimentleriň ne­
tijesi bilen deňeşdirmek arkaly okuwçylaryň işiniň indiwidual stilini kesgitleýär.
ç) synag edilýän adama öz gyzyklanýan zatlary, pikirleri, motiwleri,
meýilleri we ş.m. hakynda birnäçe soraglara jogap bermeklik teklip
edilýär; ýazylan jogaplar analizlenýär we statistik hasaplaýyşdan soňra
käbir netijelere gelmek üçin material hökmünde ulanylýar.
bu usul birbada adamlaryň uly toparynda derňew geçirmäge mümkin-
çilik berýär we geçirilen wagtynda olar bilen hökman gös-göni kontaktda bolmaklygy talap etmeýär.
Okalan sany: 80   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 мая 2019

Bu usulda synag geçiriji öwrenilýän psihologik faktyň has aýdyň ýüze çykmagy, eksperimentatoryň isleýän ugruna gönükdirilmegi, şeýle hem bu faktyň hertaraplaýyn seredilmegi üçin synagyň birnäçe gezek gaýtalanmagyna şert döredýär; bu usulyň esasy artykmaçlygysynagçynyň täze, obýektiw psihologik faktlary toplamak maksady bilen synag edilýän adamyň işine aktiw goşulyp bilmek mümkinçiligindedir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06284 sek. ýüklenen baýt: 31848