Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Beýni we psihika
Ýazylan wagty: 11 мая 2019 Ýazan Mayichka
Beýni we psihika
Psìhika – bu ýokary gurluşdaky materiýanyň-nerw ulgamynyň
önümidir. Adamda psihikany, aňyýeti döredýän onuň beýnisidir.
Nerw ulgamy 2 sany möhüm hyzmaty, ýagny:
a) adamyň daşky dünýä bilen gatnaşygyny üpjün etmek;
b) adamyň bedeniniň ähli bölümleriniň işinì koordinirlemek, guramak we gönükdirmek funksiýasyny amala aşyrýandyr.
Adamyň ähli psihiki işleri beýnide şöhlelenip emele gelýär. Ada­
myň nerw sistemasynyň gurluşy örän çylşyrymlydyr. Onuň gurluşyny
düzýän esasy elementleri nerw öýjügidir (neýronlardyr). Neýronyň
ululygy 0,03 mm-e deňdir. Neýronlaryň daşyny şahalanýan görnüş­
däki dendritler we aksonlar örtüp durýandyr. Nerw süýümleri dürli
uzynlykda bolup, onlarça santimetre çenli uzalyp gidýär. Adamyň
nerw sistemasynda nerw biotogy emele ge­
lip, maglumatlary sekuntda 120 metr tizlik
bilen merkeze ýetirýär. Nerw süýümleriniň
daşy ak ýagjymak häsiýetli bolan miýelin
gabyjagy bilen ortülendir. Miýelin gabyja­
gy nerw oýanmasyny kesgitli ugra gönük­
dirmekde esasy rol oýnaýar.
Okalan sany: 39   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 мая 2019

Adamyň daşky sreda bilen özara täsir etmeginiň esasy formasy refleksdir. Adamyň merkezi nerw sistemasy arkaly amala aşyrylýan gyjyndyryjylara bedeniň jogap gaýtaryş reaksiýasyna refleks diýil­ ýär. Refleks mahalynda nerw impulslarynyň geçýän ýoluna reflektor dugasy diýilýär. Reflektor dugasy 3 bolüme bölünýär: a) reflektor (duýujy) bölümi; b) merkezi bölüm; ç) hereketlendiriji bölüm. Reflektorlar dugasy reseptorlardan başlanýandyr. Adamyň duýuş organlaryndaky her bir reseptorlar informasiýalary (sesi, ysy, ýagty­ lygy, temperaturany, nerw galtaşmasyny) kabul edýärler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06341 sek. ýüklenen baýt: 30563