Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ykbal (Şähribossan Geldimämmedowa)
Ýazylan wagty: 21 сентября 2013 Ýazan Marala
Ykbal saňa arzym bar 
Arzymny inkär etme 
Gör kimlerde karzym bar 
Hernä bergidar etme 

Hoşal bolup ilimden 
Bagt tapaýyn kärimden 
Azaşdyryp ýolumdan 
Azana duçar etme 

Sanjy bardyr böwürde 
Bu kän gepli döwürde 
Ýalňyşaýsam eger-de 
Ýazgar günäkär etme 

Sallançakda üwräniň 
Şondan ýola ugranym 
Sowlan güni döwranym 
Nadanlara zar etme 

Oňde baharym, gyşym 
Gowgasy kän bu başyň 
Iň soňkuja haýyşym 
Bu maňlaýy şor etme 

Şähribossan Geldimämmedowa

Okalan sany: 918   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
21 сентября 2013

şähribossanyň ýazan şygryny aýdymçylarymyz okasalar hökman laýyk heňini tapyp aýdym dörederlermikä diýýärin.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06018 sek. ýüklenen baýt: 36830