Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Janly materiýanyň ösmegi
Ýazylan wagty: 11 мая 2019 Ýazan Mayichka
Haýwanlaryň, mör-möjekleriň durmuşynda gaýtalanýan instinkt­
leriň täsirinde kämilleşmek hem bolup geçýär. Mysal üçin, balarynyň
içinden patyşa balarysynyň döremegi we beýlekileriň hem oňa eýermegi. Elbetde, bu ýagdaý kämilleşen instinkt hökmünde ömrüniň ahyryna çenli saklanyp galýar. Instinkte özüňi alyp barşyň hereketleriniň
galyba salnan görnüşleri hem diýmek bolar. Sebäbi, haýwanlarda we
mör-möjeklerde degişli hereketler hemmesinde birmeňzeş yzygiderli
gaýtalanyp durýarlar. Ýagdaý, şert üýtgese, instinkt hem üýtgäp bil­
ýär. Instinkt – bu şertsiz refleksleriň toplumydyr. Instinktler haýwanlara we mör-möjeklere doglan wagtynda taýýar görnüşde berilýär.
Höwürtgedäki guşjagazlar adamyň barmaklarynyň hereketine
görä hem instinkt hereketlerini ýerine ýetirýärler.
Instinkt hereketleri hökmünde guşlaryň möwsümleýin uçup gitmegini, olaryň höwürtge gurunmagyny, haýwanlaryň özüne gyş üçin
iýmit taýýarlap goýmagyny mysal getirmek bolar. Käbir haýwanlarda ýa-da mör-möjeklerde has çylşyrymly instinkt hereketleri bolup
geçýär. Mysal üçin, balary örän takyk ölçeg birligi boýunça özüne
alty granly öý gurunýar ýa-da bobr diýen haýwan agaç şahalarynyň
gabygyny aýryp, daşyny arassalap, özüne täsin öý gurunýar. Bu ýag­
daý haýwany ýa-da mör-möjegi düşünip, akyl arkaly ýerine ýetirýän
ýaly görkezýär. Emma bu beýle däl-de, ol diňe çylşyrymly instinkt
hereketidir.
Endikler – bu instinkt hereketlerinden tapawutlylykda her bir
haýwanyň gaýtalama esasynda özbaşdaklykda gazanan hereketiniň
bir görnüşidir.
Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 мая 2019

Janly materiýanyň ösmegi bilen täze aýratynlyklary bolan duý- malar emele gelip başlapdyr. Psihikanyň başlangyç görnüşini bolsa duýmalar düzýändir. Şeýlelikde, şu aýdylanlara esaslanyp, psihika her bir janly materiýanyň häsiýeti hökmünde seredip bolmaz. Ol organi­ ki materiýanyň ýokary görnüşlerine mahsusdyr. Nerw gurluşynyň we psihiki işleriniň ösüş derejesi boýunça haýwanlaryň özüni alyp baryşlarynyň 3 sany tipini görkezmek bolar. Olara instinktler, endikler we intellektual hereketleriň ýönekeý görnüşleri degişlidir. Instinktler haýwanlaryň we mör-möjekleriň özüni alyp baryş­ larynyň dogabitdi nesilden-nesle geçýän hereketleriniň görnüşidir. Haýwanlaryň, mör-möjekleriň her biriniň öz durmuşyna, ýaşaýşyna laýyklykda instinktler toplumy bolýar. Bobr diýen suw jandary agaç şahalaryndan täsin öý gurýar. Bu bobra mahsus bolan instinkt hereketleridir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12595 sek. ýüklenen baýt: 31622