Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Şahsyýet we onuň kemala gelşi barada
Ýazylan wagty: 11 мая 2019 Ýazan Mayichka
Şahsyýet we onuň kemala gelşi barada umumy
düşünje
Psihologiýa ylmynda we beýleki jemgyýetçilik ylymlarynyň
mazmunynda, özara gürrüňlerde adam, şahsyýet we indiwid diýen
ýaly düşünjeler ulanylýar. Elbetde, bu düşünjeler ýeke-täk bir adamy
häsiýetlendirýän bolsa-da, olaryň her biriniň häsiýetli aýratynlyklary
bardyr. Adam başlangyç we düýpli düşünjeleriň biridir. Adam süý­
demdirijiler synpyna, synpyna degişli bolan pähimli biologik jandar­
dyr. Adam biologiki jandar hökmünde özüniň aňly-düşünjeli here­
keti, daşky dünýä akyl ýetirip bilýändigi, parasatly we paýhasly
hereketlere ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Adama öz öňünde mak­
sat goýmaga, etjek işini meýilleşdirmäge mümkinçilik berýän ýokary
derejede ösen kelle beýnisi degişlidir. Beýleki bir tarapdan, adam
jemgyýetçilik jandarydyr. Jemgyýetçilik-durmuş işleri, zähmet ada­
myň ösüşine güýçli täsir edýär. Adam jemgyýetçilik önümi bolup duran aňy döredijidir. Adam diýen düşünjä garanyňda darrak manyda
ulanylýan şahsyýet diýen düşünje hem bardyr. Şahsyýet – bu özüniň
sosial ösüş derejesi bilen tapawutlanýan adamdyr. Jemgyýetçilik durmuşynda kiçijik çagalar ýa-da akyl taýdan näsag adamlar şahsyýet
hasaplanmaýar. Şahsyýet – munuň özi aňly-düşünjeli hereketleri bi­
len jemgyýetiň ösüşine goşant goşmaga işjeň gatnaşýan subýektdir.
Şahsyýeti psihologiýa, pedagogika, flosofýa, etika, estetika, sosiolo­
giýa ýaly ylymlar giňden öwrenýär. Şonuň üçin şahsyýet birnäçe
ylymlaryň öwrenýän obýekti hasaplanýar. Şahsyýetiň özboluşly gur­
luşa eýedigini bildirýän indiwid, indiwiduallyk diýen düşünje hem
bardyr. Indiwiduallyk – bu bir adamyň beýleki bir adamdan özüniň
psihiki, aňyýet aýratynlyklary bilen tapawutlanýandygyny aňladýan
düşünjedir. Her bir adam, şahsyýet özüniň birnäçe aýratynlyklary
erki, ünsi, häsiýeti, ukyby bilen biri-birinden tapawutlanýar.
Okalan sany: 44   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 мая 2019

Indiwiduallyk şahsyýetiň psihologiýasy öwrenilende esasy der­ ňew obýekti bolup hyzmat edýändir. Her bir adamyň, şahsyýetiň in­ diwidligini bize durmuş tejribesi subut edýär. Jemgyýet bilen şah­ syýetiň ösüşi biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Jemgyýeti düzýän, ony döredýän we ösdürýän şahsyýetdir. Jemgyýet hem öz gezegin­ de şahsyýeti ösdürýär we hemmetaraplaýyn terbiýeleýär. Türkme­ nistanyň Konstitusiýasynyň I bölüminiň 3-nji maddasynda şeýle diýilýär: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr, şahsyýetdir”. Döwlet şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şert döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, namysyny, mer­ tebesini we azatlygyny, şahsyýetiniň eldegrilmezligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar. Şahsyýet biziň häzirki döwrümizde sosiologiýanyň, pedagogikanyň, psihologiýanyň, etikanyň, estetika­ nyň üns merkezinde durýandyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08228 sek. ýüklenen baýt: 32129