Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
HAÝWANLARYŇ SISTEMATIKASY
Ýazylan wagty: 11 мая 2019 Ýazan Mayichka
HAÝWANLARYŇ SISTEMATIKASY
Biziň ýer planetamyzda ýaşaýan haýwanlar köpdürli bolup,
olaryň ylma 2 mln-a golaý görnüşi belli. Haýwanlaryň şunça köp
görnüşleri meňzeşlikleriniň we garyndaşlyklarynyň esasynda olaryň
özleriniň tebigy sistemasyna jemlenilipdir.
Haýwanlaryň sistematikasynda ýakyn görnüşler uruglara,
uruglar maşgalalara, maşgalalar otrýadlara, otrýadlar klaslara, klaslar
bolsa tiplere birleşdirilen.
Oňurgasyz haýwanlar dünýäsi ilki iki sany uly topara:
Biröýjüklilere (Protozoa) we Köpöýjüklilere (Metazoa) bölünýär.
Bir öýjüklileriň sistematikasynda aşakdaky 5 sany tip bar:
I TIP. SARKOMASTIGOFORLAR
(SARCOMASTIGOPHORA)
II tip. Sporowikler (Sporozoa)
III tip. Knidosporidiýalar (Cnigosporidia)
IV tip. Mikrosporidiýalar (Microsporidia)
V tip. Kirpikliler ýa-da Infuzoriýalar (Ciliophora ýa-da
infusoria)
Köpöýjüklileriň sistematikasynda 17 sany tip bar:
I tip. Plastinka şekilliler (Placozoa)
II tip. Gubkalar (Spongia ýa-da Porifera)
III tip. Boşiçegeýalylar (Coelenterata ýa-da Cnidaria)
IV tip. Grebnewikler (Ctenophora)
V tip. Ýasy gurçuklar (Plathelminthes ýa-da Plathodes)
VI tip. Nemertinler (Nemertini)
VII tip. Ilkinji boşlukly gurçuklar Tegelek gurçuklar
(Nemathelminthes)
VIII tip. Skrebnler (Acanthocephala)
IX tip. Halkaly gurçuklar (Annelida)
X tip. Bogunaýaklylar (Arthropoda)
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 мая 2019

XI tip. Onihoforlar (Onichophora) XII tip. Molýuskalar (Mollusca) XIII tip. Şupalseler (Tentaculata) XIV tip. Bedeniňňeliler (Deriňňeliler) (Echiondermata) XV tip. Ýarymhordalylar (Hemichordata) XVI tip. Pogonoforlar (Pogonophora) XVII tip. Şetinka äňliler (Chaetognata) Sistematikada esasy we goşmaça taksonlar bolýarlar. Şu ýerde haýwanlaryň sistematikasyna girýän iň uly topardan (taksondan)-tipden iň kiçi topara-görnüşe çenli olaryň atlaryny türkmençe we latynça ýazyp göreliň: Tip-Typus, Klas-Classis, Otrýad-Ordo, Maşgala-Familia, UrugUenus, Görnüş-Species. Haýwanlar dünýäsiniň wekilleriniň uly iki topara, ýagny oňurgasyzlara (I-XXII tipler) we oňurgalylara-hordalylara (XXIII tip) bölünýändiklerini hem bellemek gerek.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07305 sek. ýüklenen baýt: 31064