Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
BIRÖÝJÜKLILER-ÝÖNEKEÝLER
Ýazylan wagty: 11 мая 2019 Ýazan Mayichka
BIRÖÝJÜKLILER-ÝÖNEKEÝLER (PROTOZOA)
Ýönekeýleriň açylyşy. Ýönekeýler örän ownuk, şoňa görä-de
göze görünmeýändikleri sebäpli uly haýwanlara garanda has giç belli
bolupdyr. Olaryň ýüze çykarylmagy XVII asyryň ikinji ýarymynda
döredilen mikroskop, ondan-da öňräk (1675 ýylda) ýasalan iki tarapy
tümmejik ulaldyjy aýnalar, ýagny linzalar (biziňçe lupalar) bilen
baglanyşyklydyr.
Gollandiýaly söwdagär Antoniý Lewenguk 200-e golaý ulaldyjy
gurallary ýasapdyr. Onuň iň gowy mikroskopy 270 esse ulaldypdyr.
Deňeşdirmek maksady bilen biziň laboratoriýa sapaklarynda ulanýan
mikroskopymyzyň (BM-51-2) bary-ýogy 8,75 esse ulaldýanlygyny
aýtmak ýeterlikdir.
Antoniý Lewenguk 1675-nji ýylyň sentýabr aýynda çüýşe
gapjagazda ep-esli wagtlap saklanylyp bedeli suwa mikroskop astynda
seredende, onda köp sanly, örän ownuk, hereketli organizmleriň
barlygyny görüpdir. Gözegçi olara animalkullar-haýwanjyklar
(Animalcules) diýip at dakypdyr. Lewenguk gözegçiligini dowam edip,
haýwanjyklaryň burç, saman, dürli ösümlikleriň ýapraklary ýatyrylan
suwlarda hem bardygyny bilipdir.
Tebigatçylar bu haýwanjyklara infuzoriýalar (infusoria) diýip at
beripdirler. Bu at infuzum (infuzum), ýagny ösümlik çüýrüntgili ýata
suw diýen manyny berýär. Şeýlelik-de Antoniý Lewenguk öz ýasan
mikroskoplarynyň kömegi bilen biröýjüklileri ýüze çykaryp, zoologiýa
ylmynda örän wajyp açyş edipdir.
Biröýjüklilere, ýagny animalkullara ýa-da infuzoriýalara
Ýönekeýler diýen at XIX asyryň ortalarynda nemes alymlary Kelliker
we Zibold tarapyndan ylma girizilipdir.
Ýönekeýleriň öýjüginiň gurluşy. Bir öýjüklilere organizmi
bary-ýogy bir sany öýjükden ybarat bolan haýwanlar degişlidirler. Olar
gurluşy, ýagny morfologiki taýdan seredilende adatdaky öýjükdir,
emma fiziologiki, ýagny ýaşaýyş häsiýetleri boýunça bolsa hakyky
haýwanlardyr. Ýönekeýler daşky sredada özbaşdak ýaşamaga
ukyplydyrlar, ýagny iýmitlikleri tapyp-da, iýmitlenip-de, köpelip-de,
amatly ýerleri saýlap-da, sredanyň ýaramaz şertlerinden goranyp-da
bilýärler.
Okalan sany: 54   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 мая 2019

Ýönekeýleriň gurluşy özboluşly we çylşyrymly. Her bir öýjükde ýadro, sitoplazma, araçäk gatlak we dürli hem köp sanly organeller bolýarlar. Ýadro. Ol öýjügiň esasy bölegi, öýjükde bolup geçýän hadysalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşýar. Ýadronyň bu rolyny onda sintezlenýän rybonuklein kislota alyp barýar. Ýönekeýler bir we köp ýadroly bolýarlar. Ýadro iki gat gabyk bilen örtülen. Onuň içinde ýadro şiresi-karioplazma ýerleşýär. Bu şirede hromatin materiallary we ýadrojyklar bolýar. Sitoplazma. Ol adatça iki gatlakdan ybarat. Onuň daşky gatlagyna ekdoplazma, içki gatlagyna bolsa endoplazma diýilýär. Sitoplazmada dürli organoidler, dokumalar, wakuollar bolýar. Öýjükde bolup geçýän hadysalara sitoplazma we ondaky organeller işjeň gatnaşýarlar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09107 sek. ýüklenen baýt: 32048