Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Kinetofagminofora
Ýazylan wagty: 11 мая 2019 Ýazan Mayichka
Kinetofagminofora
(Kinetophagminophora)
Wekilleri has sada gurluşly, bedeni kirpikjagazlar bilen
birmeňzeş, endigan örtülen, agyz boşlugynyň töweregindäki
kirpikjagazlar bedeniň beýleki ýerlerindäkilere garanda has ösgünräk.
Otrýad. Gimnostomata (Yimnostomata) Wekilleriniň agyz
organy bedeniň yzynda (Holophýa, Prorod), bedeniň gapdalynda
ýerleşýär. Osoblar atylyjy sapakly.
Otrýad. Entodiniomorfa (Entodiniomorpha) Wekilleri
toýnakly haýwanlaryň içegelerinde mugthorlyk edýärler.
Otrýad. Gipostomata (Hypostomata) Wekilleri ýasy şekilde,
agyz organy bedeniň gapdalynda ýerleşýär.
2-nji uly otrýad. Oligohimenofora (Oligohymenophora)
Wekilleriniň agyz boşlugynyň öň ýanynda üç sany membranellalar
bolýarlar. Olara bilelikde agyz öňündäki organ, başga-ça bolsa
tetrahimena (bu infuzoriýa Tetrahymenanyň adydyr) diýilýär.
Otrýad. Gimenostomata (Hymenostomata) Bu otrýadyň
wekillerinde-de tetrahimena bolýar. Wekili infuzoriýa Ichtýophthrius.
Ol balyklaryň mugthory.
Otrýad. Peritriha (Peritricha) Wekilleri aýlaw kirpiklilerdir.
Olar oturymly ýaşaýarlar (kiçi otrýad Sessilia), substradlar boýunça
hereket edýärler (kiçi otrýad Mobilia). Otrýadyň käbir görnüşleri azatda ýaşaýarlar hem mugthorlyk-da (daşky mugthor) edýärler.
3-nji uly otrýad. Poligimenofora (Polygymenophora)
Wekilleri agyz öňündäki membranellalary towlanan halda saga gyşaryp
durýarlar. Bu uly otrýadyň wekillerinde tetrahimena organy
polimerizasiýa (köpeliş, ösüş, kämilleşiş) ýagdaýynda bolýar. Bedeni
örtýän kirpikjagazlaryn uzynlygy birmeňzeşdir.
Otrýad. Dürlikirpikliler (Heterotricha) Wekililleri
tetrahimenaly, bedenleri uzynlygy deň bolmadyk kirpikjagazlar bilen
endigan we gür örtülipdir. Bu otrýada infuzoriýalaryň iň uly wekilleri
bolan turbaçylar urugy (Stentor) degişlidir.
Otrýad. Garnykirpikliler (Hypotricha) Wekilleri süýji we
duzly suwlarda ýaşaýarlar. Wekili iri infuzoriýa Stylonichia –nyň
garnynyň astynda biri-birleri bilen birleşen kirpikjagazlary bolýarlar
Okalan sany: 49   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 мая 2019

Otrýad. Azkirpikliler (Oligotricha) Kirpikler diňe agyz organynyň öňünde bolýarlar. Bedeniniň beýleki ýerlerinde kirpikler bolmaýarlar. Olar plankton hökmünde ýaşaýarlar. Azkirpiklileriň bedeni ýeňiljek, dury reňkli, ýagny aňyrsy-bärsi görnüp duran balykgulagyň içinde ýerleşýär. Näzik bedeni daşky ýaramsyz şertlerden balykgulak gorap saklaýar. Kirpikler-membranellalar balykgulakdan öňe, ýokaryk çykyp durýarlar. Wekili: Plankton infuzoriýa Tintinnopsis beroidea.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05950 sek. ýüklenen baýt: 31432