Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hereketiň, maškyň åhmiýeti
Ýazylan wagty: 13 мая 2019 Ýazan Mayichka
B e d e n t e r b i ý e t a n y m a l a d a m l a r y ň
d u r m u ş y n d a

Şükür bagşy at münmegi, atly gezelenç etmegi, pyýada ýöremegi diýseň halaýan eken. Şonuň üçin hem ol Kaka etrabynyň Duşak obasynda ýaşasa-da, Gökdepe, Baharly, Sarahs,Tejen, Mary, Wekilbazar etraplarynda atly gezelenç eder ekeni.
Ol hakda ýazylan maglumatlarda bagşynyň Magtymguly, Etrek, Daşoguz, Hywa sebitlerinde bolandygy aýdylýar. Şükür bagşy ýüz ýaşynda aradan çykýar.

Guseýin Muhtarow drama eserlerini ýazanynda oba durmuşyny öwrenmek, türkmen diliniň baýlygyny artdyrmak maksady bilen obalara aýlanyp, ýaşuly adamlaryň gürrüňini diňlär ekeni. Aýtmaklaryna görä, ol her gün ir bilen ýekeje gününi hem sypdyrman maşk edýän eken.

Mäti Kösäýew ylym bilen meşgullanmaýan wagtlary bag ekmek bilen meşgul bolýan ekeni. Howlusy her dürli bagdan we owadan güllerden doly bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň köp agaçlaryny ol öz eli bilen ekipdir. Ol: “Ýatan adam hassa bolar, maşk etmeli, mydama hereketde bolmaly” diýip hemişe ýaşlara öwüt-nesihat berer ekeni.


Kerim Gurbannepesowyň “Şahyryň gözi” diýen kitabynda şeýle ýazgylar bar. Ondan “Iň gowy görýän zadyň näme?” diýip sorasalar “Pyýada ýöremek” diýip jogap berýär. Ony tanaýan adamlar, döredijilik işgärleri Kerim aganyň öýünden tä redaksiýalara çenli aralygy pyýada, çalt ýöräp barýandygyny hemişe görýändiklerini gürrüň berýärler.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05273 sek. ýüklenen baýt: 29707