Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sowuk suwmy ýa-da ýyly suw
Ýazylan wagty: 13 мая 2019 Ýazan Mayichka
Sowuk suwmy ýa-da ýyly suw?

“Çogly güneşli tomus pasly ýetip gelýár. Şonuň bilen bir wagtda bedeniň suwa bolan islegi-de artýar. Ýyly we sowuk suw içmegiň aýratyn täsirleri we ýodly suwuň ähmiýeti barada Nexttm.com saýtynyň mušdaklary üčin taýýarladyk.
—Adam bedeniniň köpbölegi suwdan ybarat. Ine, Hytaýlylarda müňlerçe ýyldan bäri her pursatda ýyly suw içmeklik endige öwrülipdir. Çünki iýilip-içilen iýmitleriň siňdirilmegi üçin suw gerekli ýylylygy berýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, nahar wagtynda ýa-da nahardan soň, sowuk suw içilende, iýmit siňdiriş synalaryň köp energiýa harçlaýandygy, iýilen iýmitlerdäki ýaglary gatadýandygy we siňdirmegi kynlaşdyrýandygy anyklanyldy. Naharlanmazdan öňünçä ýa-da soňundan ýyly suw içmegiň aşgazany rahatlandyryp, iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýändigi subut edildi.
Üsgülewik, bokurdak agyrylarynda hem ýyly suw içmek has-da peýdaly.
Elbetde, sport görnüşi bilen meşgul bolýan adamda, türgenleşikden soňra suwa bolan islegi has-da ýokary bolýar. Şeýle pursatlarda sowuk ýa-da gazlaşdyrylan suwlary içmekden saklanmak zerur. Ýyly suw içmeklige endik etmeli.
Türgenleşikden soňra adam üçin birbada sowuk suw içse ýa-da kabul etse ýaramly ýaly bolup duýulýar. Aýratynda bu meselede ýaşlar ýalňyşlyk goýberýäler. Her türgenleşikden soňra hökmany ýagdaýda duş kabul etmeli, ýagny ýuwunmaly. Ýöne ýuwunmagy ýyly suwdan başlamaly. 2-3 minutdan soňra kem-kemden suwy mylaýym ýagdaýa getirip bilersiňiz. Bedeniňi sowuk suwa yzygiderli we az-azdan öwrenişdirmeli.
Tebigy ýagdaýlarda (Derýada, kanalda) akar suwa göni özüňi oklamaly däl. Ilki bilen suwy sepeläp bedeniňi öwrenişdirmeli we soňra suwa girmeli. Şeýlede günüň yssy wagtynda suwa düşmekden saklanjak bolmaly. Tomus günleri ir bilen ýa-da öýleden soňra, günüň çogy azalan wagtynda suwa düşmeklik maslahat berilýär.
Okalan sany: 63   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 мая 2019

Suw pökgüsi – bu suwuň içinde pökgini toparlaýyn oýnamaga niýetlenen sport görnüşidir. Onda iki topar garşydaşynyň derwezesine pökgini geçirmeklige ymtylýarlar. Suw pökgüsi sporty 1880-nji ýylda Angliýa döwletinde iňlis we şotland türgenleriniň yzygiderli ýoldaşlyk duşuşyklarynyň netijesinde döredilýär we ilkinji gezek ýörite oýnuň düzgüni Glazgo şäherinde işlenip taýýarlanylýar. Suw pökgüsi sporty 1908-nji ýylda Bütindünýä tomusky Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna resmi ýagdaýda goşulýar. Şol ýyl hem IV Olimpiýa oýnunda London şäherinde Halkara suw sport görnüşleri Federasiýasy döredilýär (FINA). Oýun suw howzunda ýörite bellenen ölçegdäki enjamlar bilen doly üpjün edilen meýdançada geçirilýär. Oýna şol bir wagtda her topardan 7 (ýedi) türgen gatnaşýar: 6 oýunçy we 1 derwezeçi. Oýun meýdançasynyň bolmaly ölçegi erkekler üçin 30x20 metr, aýallaryňky 25x20 metr, derwezäniň uzynlygy 3 (üç) metr, beýikligi suwuň üstünden 0,90 metr bolmaly.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07205 sek. ýüklenen baýt: 32068