Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bereket etrabyndaky “Nurly meýdan” daýhan hojalygy nusgalyk önümçilik görkezijilerini gazanýar
Ýazylan wagty: 14 мая 2019 Ýazan Mekanjan
Bereket etrabyndaky “Nurly meýdan” daýhan hojalygy nusgalyk önümçilik görkezijilerini gazanýar

Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndaky “Nurly meýdan” daýhan hojalygy nusgalyk önümçilik görkezijilerini gazanýan abraýly hojalyklaryň biridir. 130 gektar meýdana eýe bolan bu daýhan hojalygynyň bölümlerinde kämil tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu daýhan hojalygy özüne bölünip berlen ýerden ter gülleri ýetişdirmäge niýetlenen döwrebap ýyladyşhanany gurdy. Ähli amatlyklary bolan bu ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän ter bägüller isleg bildirýänlere yzygider we bökdençsiz ýetişdirilýär. Hojalygyň gülçülik toplumynda ýetişdirilýän güller doly ylmy esasda aýratynlykda öwrenilip ideg işleri her bir görnüşiň tebigy aýratynlyklaryna görä agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýar. Bu babatda ösen ýurtlaryň tejribeleri hem netijeli peýdalanylýar. Şol bir wagtyň özünde seçgiçilik işlerem geçirilip ýerli şertlere uýgunlaşan owadan we täsin gülleri döretmeklige hem ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn üns ähmiýet berilýär

Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06042 sek. ýüklenen baýt: 30678