Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşynyň jemi...
Ýazylan wagty: 21 сентября 2013 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşynda 15-nji sentýabrda geçirilen oýunlarda baş baýraga dört topar dalaş etdi. Munuň özi <> we <> toparlarda geçirilen jemleýji bäsleşikleriň netijesi boýunça kesgitlendi.


Bu toparda ilkinji iki orun üçin Özbegistanyň we Russiýanyň futbolçylary bäsleşdiler. Bu duşuşygyň ýeňijisi ýarym finalda <> toparda ikinji orny eýelän topar bilen duşuşmalydy. Ýeňlen topar bolsa ýarym finalda Türkmenistanyň ýygyndysynyň bäsdeşi bolmalydy. Duşuşygyň ykbaly oýnuň birinji ýarymynda, özbegistanlylaryň derwezesine jogapsyz iki pökgi geçirilende çözüldi. Netijede Russiýanyň topary 2:0 hasabynda Özbegistanly futbolçylardan üstün çykdylar. Şeýlelik-de, Türkmenistanyň ýygyndysy ýarym finalda Özbegistanyň topary bilen duşuşar. Beýleki ýarym final boýunça Russiýanyň toparynyň bäsdeşleri <> toparda geçirilen jemleýji oýunlaryň netijeleri boýunça kesgitlendi. Şonda Eýranyň topary Gyrgyzystanyň ýygyndysy, Kuweýtiň futbolçylary bolsa Türkmenistanyň ýygyndysy bilen duşuşdylar. Oýunlaryň ikisi-de << Aşgabat>> stadionynda geçirildi. Gyrgyzystanyň topary ýarym finala çykmak üçin Eýranyň futbolçylaryny ýeňmelidi. Olara bolsa deňme-deňlik hem ýeterlikdi. Oýnuň 4-nji minutynda Gyrgyzystanyň topary 1:0 bilen hasabynda öňe saýlandy. Bäsleşigiň 18-nji minutynda N.Zareýanyň tagallasy netijesinde hasap 1:1 boldy. 59-njy minutda H.Sajiniň pökgüni dürs urmagy netijesinde, hasap 2:1-e ýetdi. Gyzgalaňly oýnuň 69-njy minutynda W.Ni hasaby deňledi.Esasy wagta goşmaça minut yglan edilende, şol pursat Gyrgyzystanyň toparyna ýeňiş getirdi. Şeýlelik-de, gyrgyz futbolçylary 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykdylar.Türkmenistanyň we Kuweýtiň ýygyndylarynyň duşuşugy toparlaýyn ýaryşy tamamlandy. Kuweýtiň topary Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýar. 

Türkmenistanyň ýygyndysy üçin <> toparda wagtyndan öň ýeňiji bolmak üçin Kuweýtiň topary bilen bäsleşigiň netijeleriniň hiç-hili ähmiýeti hem ýokdy. Bu oýunda biziň toparymyzyň türgenleri ýurdumyzyň ýygyndysyna mynasyp görlen oýunçylary saýlamak mümkinçiligi döredi. Oýun ildeşlerimiziň hüjümi bilen başlandy.Bäsleşigiň 7-nji minutynda Parahat Muhammedow garşydaşlaryň jerime meýdançasyna girdi we ilkinji pögkgini tora saldy. Oýnuň 30-njy minutynda Begmyrat Babaýew hasaby 2-ä ýetirdi. Oýnuň ikinji ýarymynda hem ýagdaý üýtgemedi. Türkmen futbolçylary artykmaçlygy elde sakladylar we garşydaşlarynyň derwezesine ýene-deüç jogapsyz pökgini geçirmegi başardylar . 51-nji minutda Azym Çörliýew, 67-nji minutda Serdargeldi Kabaýew goragçylardan geçip, jerime meýdançasyna bardylar we pökgini derwezä girizmegi başardylar. Oýnuň 72-nji minutynda ussat oýunçy Parahat Muhammedow ýene-de tapawutlanmagy başardy. Ol goragçylardan geçip, derwezeban bilen ýüzbe-ýüz boldy we bäşinji pökgini derwezä saldy. Şeýlelik-de, Türkmenistanyň futbolçylary 5:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. 


19-njy Sentýabrda abraýly halkara ýaryşyň aýgytlaýjy final duşuşygy geçirildi. Dartgynly oýunda Türkmenistanyň futbol topary bilen Russiýanyň futbol topary duşuşdylar. Özboluşly sport baýramçylygyna öwrülen final duşuşygy 2:1 hasbynda Türkmenistanly futbolçylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýaryşyň ýeňijisi bolan ildeşlerimiz Prezidentiň Kubogy bilen bilelikde 20 müň ABŞ-nyň dollaryna mynasyp boldular. Ikinji orna mynasyp bolan Russiýanyň ýygyndy topary 10 müň dollara, üçünji orna mynasyp bolan Özbegistanly futbolçylar 5 müň dollara eýe boldular. Gyzykly çekeleşikli häsiýeti bilen tapawutlanan oýun hemmeleriň üns merkezinde boldy. Owadan oýun toparlaryň ikisiniň hem taýýarlyk derejesini her bir oýunçynyň ussatlygyny bilmäge giň mümkinçilik berdi. Şular ýaly halkara ýaryşlaryň ýokary derejede gurnalyp biziň ýurdumyzda geçirilmegi bolsa Türkmenistanda sportuň belent derejelere eýe bolýandygyny açyk aýdyň görkezýär. Şeýle halkara ýaryşyň geçirilmegi tejribe bilen birlikde doslugyň sport babatdaky gatnaşyklaryň giňden ösdürilmegine ýardam eder.

Okalan sany: 392   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
21 сентября 2013

Türkmen futbolçylarymyzy uly ýeňşi bilen gutlaýarys. Prezidentiň Kubogy bu ýyl hem biziň ýurdumyzda galdy. Bu üstünlik bolsa türgenlerimiziň tejribesiniň ýokarydygyny görkezýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07205 sek. ýüklenen baýt: 35441