Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Berkarar döwletiň çeper keşbi
Ýazylan wagty: 14 мая 2019 Ýazan Meret
Golaýda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde welaýatyň 9–11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Berkarar döwletiň çeper keşbi» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Oňa bu bäsleşigiň etrapdyr şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli okuwçylar gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda olar öz aralarynda berkarar döwletimizi wasp edýän temada diktant ýazmak we ata Watanymyz Türkmenistanda ýetilen belent sepgitler, oňyn ösüşleri wasp edýän prezentasiýalary taýýarlamak boýunça bäsleşdiler.  
Bäsleşigiň emin agzalary mekdep okuwçylarynyň dürs ýazuw kadasyny doly we dogry berjaý edişlerine, prezentasiýalary görkezmekde multimediýa tagtalaryndan doly baş çykaryp bilmek ukyplaryna görä baha berdiler. Zehini zyýadalaryň arasyndan ýeňijini saýlamak birbada ýeňil düşmedi. Ýöne goşmaça berlen sowallara erkin hem dogry berlen jogaplar ýeňijini ýüze çykardy. Şeýlelik-de, öz ukyp-başarnyklaryna laýyklykda Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Arazgeldi Baýryýew 1-nji, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 60-njy orta mekdebiň okuwçysy Sewara Ahmedowa 2-nji, Boldumsaz etrabynyň 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýnur Durdybaýewa bilen Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Gözel Maşaripowa 3-nji orna mynasyp görüldi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlarydyr Hormat hatlary dabaraly gowşuryldy.  Bäsleşikde 2-nji orna mynasyp bolan S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 60-njy orta mekdebiň okuwçysy Sewara Ahmedowanyň ejesi S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýaşaýjysy Aýşa Reýimbaýewa bäsleşigiň geçişi barada öz pikirlerini şeýle beýan edýär.
Aýşa Reýimbaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýaşaýjysy:
- Şu gün Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde geçirilen bäsleşik juda gyzykly geçirildi. Bäsleşikde mekdep okuwçylary-biziň çagalarymyz örän gyzykly çykyş etmegi başardylar. Tehnikanyň we tehnologiýanyň ösýän döwründe biziň perzentlerimiz heniz kiçi ýaşlaryndan kompýuter tehnologiýalaryndan erkin baş çykaryp bilýärler. Olar bu ýaryşda öz saýlan temalary boýunça görkezme çykyşlaryny (prezentasiýalary) özbaşdak taýýarlamaga çalyşdylar. 
Beýleki ýaryşlardan tapawutlylykda bu günki bäsleşige biz, ene-atalaryň hem gatnaşdyrylmagy bizi diýseň begendirdi. Perzentlerimiziň bagtyýar pursatlaryna şaýady bolýandygymyza biz örän şat.
Okalan sany: 63   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06208 sek. ýüklenen baýt: 31649