Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýaş oýlap tapyjylar bäsleşdiler
Ýazylan wagty: 14 мая 2019 Ýazan Meret
Golaýda, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta medepde welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de hemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okaýan 6-11-nji synp okuwçylaryň arasynda yglan edilen “Zehinimiz Watana” atly ýaş oýlap tapyjylaryň sergi bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Oňa welaýatyň mekdep mugallymlarydyr okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ata-enelerdir welaýatymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. 
Bu ýerde bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrlarynda baýrakly otunlara mynasyp bolmagy başaran mekdep okuwçylary dürli ugurlar boýunça öz oýlap tapan taslama işleriniň maket sergilerini hödürlediler.  Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň ylyma bolan höwesini artdyrmakdan, olary ylmyň täze ugurlary boýunça gözleglere ruhlandyrmakdan, türkmen ylmyny ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat. Juda çekeleşikli hem gyzykly bäsleşik zehinlileri ýüze çykardy. Bäsleşikde eminler topary getirilen sergi işleriniň arasyndan durmuşa peýdaly, önümçilikde hem-de halk hojalygynda, medeniýetde ähmiýetli bolan täze oýlap tapylmalary saýlap aldylar we ýeňijileri yglan etdiler. Olaryň gelen netijelerine görä, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň okuwçylary Gurbansoltan Kurbandurdyýewa bilen Timur Jumabaýewiň taýýarlan “Ýeliň kömegi bilen garşylyklaýyn tozanlanmanyň döreýşini ýönekeý usulda düşündirmek” atly işi,Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň okuwçylary Aziza Jumaniýazowa bilen Hezretaly Kakabaýewiň “Bilimiň öňe gitmeginde “TürkmenÄlem52.0E” aragatnaşyk hemrasynyň orny” atly işi, Boldumsaz etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Parahat Esenowyň “Awtomatik açar” atly işi, Görogly etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sydyh Sydyhowyň “Orta asyr Zamahşar şäheriniň gülläp ösen döwri” atly işi, Görogly etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Muhammet Teşaýewiň “Köneürgenjiň binagärlik mekdebi” atly işi şeýle-de Gubadag etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Taňryberdi Wepaýewiň “Suw elektrik stansiýasy” atly işi emin agzalarynyň hem-de tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Bäsleşikde tapawutlanan sergi işleriniň eýelerine Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen ýaş oýlap tapyjylaryň döwlet sergisine hem gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige tomaşa etmäge gelen Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy Kopal Jumaniýazow bilen söhbetdeş bolanymyzda, bäsleşigiň geçişi baradaky garaýyşlaryny şeýle beýan edýär. 
Kopal Jumaniýazow,
Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy:
- Bu günki bäsleşikde men Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdepde okaýan gyzym Aziza Jumaniýazowanyň şol mekdepde okaýan Hezretaly Kakabaýew bilen bilelikde taýýarlan sergi işlerine tomaşa etmäne geldim. Bäsleşik juda gyzykly geçdi. Heniz mekdep okuwçysydygyna garamazdan ýaş oýlap tapyjylaryň oýlap tapan işleriniň hersi özboluşly ähmiýete eýe. Olaryň öz işleri barada berýän gürrüňlerinidir teswirlerini diňläniňde “şu zady okuwçy oýlap tapdymyka?” diýip haýran galýarsyň. Sergilere tomaşa edip, ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň has güýçlüdigine, ylyma bolan höwesiniň bardygyna örän begendim. 
Şu ýerde gyzymyň öz synpdaş ýoldaşy bilen birlikdäki taýýarlan sergi işiniň ýokary baha mynasyp bolmagynda fizika mugallymy Şükürjan Halmedowanyň uly goşandynyň bardygyny aýratyn belläsim gelýär. 
Bäsleşige tomaşa etmäge gelen beýleki ene-atalar bilen birlikde çagalarymyzyň ukyplaryny ýüze çykarmaga, olaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrmaga ýardam edýän bäsleşigi guraýjylara, olary taýýarlan mekdep mugallymlaryna  köp sag bolsun aýdýarys. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylaryň üstünlikleriniň höwri köp bolsun. 
Jahan Halmyradowa, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň mugallymy:
- Bu günki bäsleşikde men Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdepde okaýan gyzym Kurbandurdyýewa Gurbansoltanyň şol mekdepde okaýan Timur Jumabaýew bilen bilelikde taýýarlan sergi işlerine tomaşa etmäne geldim. Bäsleşik juda gyzykly geçdi. Heniz mekdep okuwçysydygyna garamazdan ýaş oýlap tapyjylaryň oýlap tapan işleriniň hersi özboluşly ähmiýete eýe. Olaryň öz işleri barada berýän gürrüňlerinidir teswirlerini diňläniňde “şu zady okuwçy oýlap tapdymyka?” diýip haýran galýarsyň. Sergilere tomaşa edip, ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň has güýçlüdigine, ylyma bolan höwesiniň bardygyna örän begendim. 
Bäsleşige tomaşa etmäge gelen beýleki ene-atalar bilen birlikde çagalarymyzyň ukyplaryny ýüze çykarmaga, olaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrmaga ýardam edýän bäsleşigi guraýjylara, olary taýýarlan mekdep mugallymlaryna  köp sag bolsun aýdýarys. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylaryň üstünlikleriniň höwri köp bolsun.
Okalan sany: 47   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05504 sek. ýüklenen baýt: 34782