Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
“TÜRKMENLER BAGLASAK BIR ÝERE BILI...”
Ýazylan wagty: 14 мая 2019 Ýazan Mayichka
“TÜRKMENLER BAGLASAK BIR ÝERE BILI...”
Ynha, bu dogaýy arzuw pederi hem ylym atasy Döwletmämmet Azadynyň paýhas akabasyna dowamat beren, şeýle-de dagynyklykdan bizar bolan külli türkmeniň özbaşdak, erkana döwletli bolmak küýseginiň hasyl bolmagy üçin jany-teni bilen yhals eden Hezreti Magtymgulynyň döredijiliginiň gül-gunçasy. Başyna iş düşende “Arkalaşan dag aşar” diýen pähime uýup, bir agza garan türkmeniň agzybirliginiň, jebisliginiň neneňsi gudratly güýje öwrülip bilýändigine göz ýetiren akyldar atamyz:
“Gurudars Gulzumy, derýaýy Nili”
diýip, uly ynam bilen aýdypdyr. Diňe Niliň özüni-dünýäniň iň joşgunly, iň uzyn derýasyny erkiňe tabyn etmek üçin onuň özündenem ägirt, güýç-kuwwatly bolmaly. Hersözi guba düýä deň görlen dürdäne şygyrlary bilen arkaba-arka her bir türkmeniň töründe kitap, kalbynda sogap, toýunda aýdym, gam basanda, hemdem bolup ýaşan weli atamyzyň müň keren mamladygyny wagt görkezdi. “Ýere nobat, äre nobat” diýleni-dä. Sähetli güni gelip, gadymy oguz ýurduna mundan 17 ýyl ozal şol arzyman hem mukaddes Garaşsyzlygyň mübärek gadymy düşdi. Bu mukaddeslik türkmeniň agzybirligini, parahatlyk söýüjiligini bir bitewi güýje, sarsmaz gala öwürdi.
1992-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 18-i mukaddes umytlarymyzyň nura öwrülip, milli ruhumyzy galkyndyran GÜNDIR. Şol gün biziň Bagt Kanunymyz __ Konstitusiýamyz golumyza gowşurdy. Baş Kanunymyzdaky altyna gaplaýmaly sözler jemgyýetdäki agzybirligiň, galkynyşyň baş şertidir. Şoňa görä hem şu günleri arzuwlan akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni Galkynyş we Agzybirlik baýramçylygy bilen bir günde bellenilýär.
Türkmen döwleti ilkinji tutumlaryny doganlyk-dostluga, ynsanperwerlige sarpadan başlapdy. Ynha, şol çygry giňän gatnawlar goňşy döwletler bilen aramyzda ýatan demir tikenekli serhetleriň üstünden ak ýollar açdy. Eýran döwletine tarap çekilen dostluk ýoly tü
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07122 sek. ýüklenen baýt: 30278