Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ksenofont barada
Ýazylan wagty: 14 мая 2019 Ýazan Mayichka
Ksenofondyň iň ähmiýetli taryhy eseri 7 kitapdan ybarat
«Gresiýanyň taryhy» atly işidir. Ol Fukididiň eseriniň dowamy bolup,
awtoryň ýaşan döwrüni öz içine alýar. Onda b.e. öňki 411–362-nji
ýyllaryň wakalary sparta jähtinden beýan edilip, Matineýiň ýanynda
bolan söweş bilen tamamlanýar. Peloponnes urşy hronologiki taýdan
yzygiderlikde beýan edilse-de, ol guraksy ýazylypdyr. Emma Argun
adasynyň ýanynda gazanylan ýeňişden soň, halk ýygnagynyň karary
bilen jezalandyrylyp öldürilen Afna serkerdeleri baradaky suduň
geçirilişiniň beýanlary has aýdyň görkezilipdir. Soňky kitaplarynda
hem köp meselelerde awtorda yza çekilmeler gabat gelýär. Kähalatlarda Ksenofondyň taryhy ýadygärlik ýazgylarynyň ýazylyşyny
ýatladýar, şonuň üçin ony ýadygarlik ýazgy eserlerine goşmak hem
bolar. Ksenofondyň «Gresiýanyň taryhy» işi dürli döwürde ýazylan
bolmaly. Iş b.e. öňki 403-nji ýylda başlanyp b.e. öň 360-njy ýyllarda
awtoryň garran wagty tamamlanýar.
Ksenofont patyşa Agesilaýyň goşunynda gulluk edip, öz işinde
ony adatdan daşary mahabatlandyryp görkezýär. Antalkid ýaraşyk
şertnamasy baglaşylandan soň, Ksenofont spartalylar tarapyndan Peloponnesde, Olimpiýanyň golaýynda berlen mülke göçüp barýar we
edebiýat bilen meşgullanyp başlaýar. Emma Spartanyň Beotiler bilen
bolan uruşda şowsuzlyga uçramagy netijesinde, ol Korinfa göçmäge
mejbur bolýar. Afna bilen Spartanyň gatnaşyklary gowulanandan
soň, Ksenofont baradaky kararlar ýatyrylýar. Muňa garamazdan Ksenofont Afna hiç wagt dolanyp barmandyr.
Ksenofont kähalatlarda taryhy wakalara gözi ýetip duran hem bolsa, ol öz beýanlarynda olary bilgeşleýin ýatlaman geçýär, käbirlerini
bolsa has gysga beýan edýär. Mysal üçin, ol «Gresiýanyň taryhy» atly
işinde Ikinji Afna deňiz bileleşiginiň döredilen (b.e. öňki 378-nji ý.)
wagtyny hem ýatlamaýar. Sparta garşy hereket eden Beotiý bileleşigi­
niň liderlerini–Pelopidi we Epaminondy hem ýatlaman geçýär. Ol
Knidiň eteginde (b.e. öňki 394-nji ý.) bolan söweşde spartalylaryň
ýeňilmegi bilen tamamlanan söweşe hem ýüzleý degip geçýär.
Taryhçy hökmünde Ksenofont Fukididden pes durýar. Çünki ol dürli yrymlara, düýş görmelere, adamlaryň işleri grek hudaýlaryna bagly diýen düşünjelere ynanýar
Okalan sany: 41   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
14 мая 2019

XIX asyryň II ýarymynda Ýewropada bolup geçen durmuş- ykdysady we syýasy özgerişler bilen baglanyşykly adamzat taryhynyň ösüşi barada täze nazaryýetler peýda bolýar. Şeýle nazaryýetleriň biri-de taryhy materializmdir. Ol nazaryýet K.Marksyň we F. Engelsiň «Kapital», «Tebigat dialektikasy» «Anti Dýuring» we beýleki eserlerinde esaslandyrylýar. Onda adamzat taryhynyň durmuş-ykdysady formasiýa diýlip atlandyrylýan we bir-birini çalyşýan 5 sany uly döwürlerden düzülýändigi baradaky pikir öňe sürülýär. Şol döwürleriň ikinjisini, ýagny Gadymy döwri olar gul eýeçligiň jemgyýetçilik ykdysady formasiýasy hökümünde häsiýetlendirýärler. XIX asyryň ahyrynda ýüze çykan beýleki bir nazaryýet «adamzat jemgyýetiniň taryhy gaýtalanyp durýan aýlawlardan ybaratdyr» diýen pikiri öňe sürýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06935 sek. ýüklenen baýt: 32284