Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gadymy Gresiýanyň taryhy boýunça ylmy işler
Ýazylan wagty: 14 мая 2019 Ýazan Mayichka
Gadymy Gresiýanyň taryhy boýunça ylmy işler peýda bolýar.
XVIII asyryň ahyrynda XIX asyryň başlarynda Gadymy Gresiýanyň
taryhy boýunça «Gomer meselesi» atly ylmy jedel ýüze çykýar. Nemes
flology Fridrih Wolf (1759–1824-nji ýý.) «Iliada» we «Odisseýa» poemalaryny derňäp, olary bir awtoryň işi hökmünde kabul bolmajakdygy
hakyndaky netijä gelýär. Ol poemalaryň aýry-aýry epiki aýdymlaryň
biri-biri bilen utgaşdyrylmagy netijesinde kem-kemden dörändigini tassyklaýar. Wolf Gomeri taryhy şahsyýet hökmünde inkär etmeýär. Ýöne
onuň poemalaryň awtory däl-de il arasynda olary aýdym edip aýdan, ady
belli dessançylaryň biri bolandygyny tassyklaýar. Onuň adyny soňraky
nesiller ýatda saklapdyr we poemalaryň awtory hökmünde kabul edendiklerini aýdýar. Başga bir nemes flology Fridrih Şiller bolsa Wolfyň
tersine poemalaryň ikisiniň-de edebi bitewiligini subut edip, olaryň
awtorlarynyň Gomerdigini tassyklaýar. Bu ylmy jedel häzire çenli dowam edýän we doly çözülmedik meseleleriň biri bolmagynda galýar.
XIX asyryň başynda taryhy çeşmeleri öwrenmekde, olary tankydy
derňemek usuly ýüze çykdy. Bu usuly ilkinji ulanan Geýdelberg
uniwersitetiniň professory Bartold Georg Niburdyr. Ol antiki awtorlaryň
işlerini biri-biri bilen hem-de arheologiýa we etnologiýa ylmynyň
maglumatlary bilen deňeşdirmek arkaly wakalaryň anyklygyny kesgitlemegi öňe sürýär. Nibur deňeşdirme usuly bilen aýry-aýry wakalary-
-da, taryhyň umumy ösüşini-de kesgitlemäge synanyşýar.
1817-nji ýylda Berlinde Awgust Bekiň (1775–1867-nji ýý.) «Af­
nalylaryň döwlet hojalygy» atly işi çap edilýär. Onda Afnanyň maliýe
ýagdaýy derňelýär. Bu işde erkin ilatyň sany, gullaryň sany, hünärmenleriň
zähmet haky, azyk önümleriniň bahasy anyklanylýar. Awgust Bek öz
okuwçylary bilen ýygnan gadymy grek ýazgylarynyň 4 tomlugyny çap edýär.
A. Bekiň okuwçylaryndan biri Iogan Gustaw Droýzen (1808–
1884-nji ýý.) 1833-nji ýylda «Beýik Isgenderiň taryhy» atly eserini çap edýär. Onda Filipp II Gresiýany boýun egdirişi we Isgender
Zülkarneýiniň basybalyşlary mahabatlandyrmak bilen beýan edil­
ýär. Droýzen 1836-njy ýylda «Diodohlaryň taryhy», 1842-nji ýylda «Epigonparyň taryhy» eserlerini çap edýär. Olarda Isgenderiň
oruntutarlarynyň döwründe, ýagny b.e. öňki 223–221-nji ýyllarda,
Ortaýer deňzi sebitiniň harby-syýasy taryhy açylyp görkezilýår.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
14 мая 2019

XIX asyryň 70-nji ýyllarynda Droýzen ýokarda görkezilen işlerini birleşdirip, «Ellinizmiň taryhy» atly işini çap edýär. Şeýlelikde, ol taryh ylmyna «ellinizm» diýen täze adalga girizýär. Onuň pikiriçe, bu b.e. öňki IV asyryň ahyryndan b.e. öňki II asyra çenli aralygy öz içine alýan döwri, grek agalygynyň we grek medeniýetiniň Gündogar halklaryna ýaýran we ellinizm medeniýetiniň emele gelen döwri bolupdyr. Emma onuň mazmuny Droýzeniň kesgitlemesinden tapawutlanýan hem bolsa, ellinizm adalgasy Gresiýanyň taryhynyň soňky döwrüni we Aleksandr Makedonskiniň ýörişlerinden soň Alynky Aziýada we Müsürde emele gelen patyşalyklaryň taryhyny öz içine alýan döwrüň ady hökmünde berk ornaşýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11058 sek. ýüklenen baýt: 32258