Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dereje boýunça kwantirleme.
Ýazylan wagty: 14 мая 2019 Ýazan Mayichka
Dereje boýunça kwantirleme. Diskretleşdirme.
Telemehäniki habarlary ibermeklik üznüksiz hem-de
diskret signallaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Telemehanikada
esasan, diskret signallar köp ulanylýar. Diskret signallary
ibermeklik päsgelçilige has ýokary durnuklygy we has ýokary
takyklygy üpjün edýär, ýöne teleölçeg ulgamlarynda
datçiklerden alynýan ilkinji ululyklar köplenç ýagdaýda
üznüksiz bolýar we olary diskret ýagdaýyna özgertmek zerur
bolup durýar. Üznüksiz ululyklary diskret ululyklara
özgertmeklik kwantirlemekligiň üsti bilen amala aşyrylýar.
Önümçilik proseslerini häsiýetlendirýän ululyklar,
adatça tötänleýin bahalary alýarlar, ýagny tötänleýin ululyklar
hasplanylýar. Eger-de, tötänleýin ululyklar gutarnykly bahany
alyp bilýän bolsa, onda oňa diskret diýilýär, has takygy
köplükde diskret diýilýär. Eger-de tötänleýin ululyklar
bahalaryň tükeniksiz sanyny alyp bilýän bolsa, onda oňa
üzniksiz ýa-da köplükde üzniksiz diýilýär. Dolandyryşda we
gözegçiliikde tötänleýin ulylyklar barada habarlar geçirilse,
onda önümçilik prosesiniň dürli görkezijileri baradaky
geçirilýän habarlary öz häsiýetleri boýunça iki uly topara:
üznüksiz we diskret toparlara böleris. Meselem: nebit saklanýan
bazadaky rezerwuarlarda saklanýan we sarp edijilere
goýberilýän önümiň (benzin, nebit we ş.m.) derejesi maksimal
takyklyk bilen ölçenilýär. Sebäbi 10-12 metr diametrli 2000-
5000 tonna benzin ýerleşýän sisternada 1mm. ölçegde
ýalňyşlyk goýberilse, onda ol ýerde 0,5 tonn tapawut bolýar.
Şeýle uly takyklyk, düzgün bolşy ýaly üznüksiz habarlar
geçirilende talap edilýär.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
14 мая 2019

Umumy ýagdaýda habarlar wagtyň tötänleýin funksiýasy hökmünde görkezilýär. Funksiýalar görnüşleri boýunça indiki habarlara bölünýärler: 1. Köplük we wagt boýunça üznüksiz ýa-da ýöne üznüksiz maglumatlar (1.4.1-nji a-çyzgy). Şeýle habarlary görkezýän λ1(t) – funksiýa üznüksiz köp bahaly bolýar we wagt boýunça üznüksiz üýtgeýär. Telemehanikada şeýle habarlar bolup häzirki wagtdaky bolup geçýän teleölçegler hyzma ederler. 2. Köplük we wagt boýunça diskret ýa-da ýöne diskret (1.4.1-nji çyzgy) λ2(t) – funksiýa (t1, t2, t3,...) wagtyň öň berlen momentinde kesgitli bahalary kabul edip biler. Köplenç ýagdaýda telemehanikada şeýle habarlar ikipozisiýaly habarlar bolýar. Meselem, eger-de ýagdaýyň üýtgemesi wagtyň diskret momentinde bolup geçse, onda „açyk - ýapyk“, „doly - boş“ ýaly telesignallary ýa-da „öçürmeli - birikdirmeli“ ýaly teledolandyryşy kabul etmek bolar. 3. Wagt boýunça üznüksiz we köplük boýunça diskret (1.4.2-nji çyzgy). λ3(t) – funksiýa öň berilen bahany alyp biler we olary wagtyň dürli momentinde üýtgedip biler. 1, 2, 3, ... nokatlardan başga bahalary, ýagny, şu nokatlaryň arasynda ýerleşýän bahalary funksiýa kabul edip bilmeýär. 4. Köplük boýunça üznüksis we wagt boýunça diskret (1.4.1-nji d-çyzgy). λ4(t) – funksiýa wagtyň bellenilen kesgitli (t1, t2, t3,...tn) momentinde özüniň bahalaryny üýtgedýär we ol islendik bahany kabul edip biler. Şunda wagt boýunça dowamlylyk saklanýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11660 sek. ýüklenen baýt: 32743