Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Signalyň üznüksiz modulýasiýasy
Ýazylan wagty: 14 мая 2019 Ýazan Mayichka
Amplituda, ýygylyk-faza we impuls modulýasiýalar
hem-de
demodulýasiýalar
Signallar haýsy görnüşine garamazdan uzak aralyklara
äkidijileriň üstüne ýüklemek arkaly berilýär. Şeýle edilende
iberiljek maglumatlaryň äkidijilere täsiri sebäpli signaly
äkidijileriň parametrleri üýtgeýär. Şeýlelikde moduýasiýa
düşünjesi girizilip, oňa aşakdaky ýaly kesgitleme berilýär.
Modulýasiýa – maglumatlaryň täsiri astynda äkidijiniň
parametrleriniň üýtgetmesi bilen bagly signalyň döredilmesidir.
Bize belli bolşy ýaly maglumatlar äznäksiz we impuls
görnüşlerdedirler. Olaryň modulýasiýa usullary esasynda biz
modulýasiýanyň üznüksiz we impuls usullaryna aýry-aýrylykda
serederis.
Modulýasiýanyň üznüksiz usuly. Modulýasiýanyň
üznüksiz usulynda äkidiji hökmünde sinusoidal yrgyldylar
ulanylyp bilner. Sinusoidal yrgyldylaryň amplituda, ýygylyk we
faza ýaly parametrler bilen häsiýetlendirilýändigi üçin,
modulýasiýanyň hem esasy üç görnüşi bolýar, ýagny:
amplituda modulýasiýasy, ýygylyk modulýasiýasy we faza
modulýasiýasy. Bu modulýasiýalaryň dürli görnüşlerini, şeýlede köpgaýtalanýan modulýasiýa diýilýän dürli kombinasiýalary
ulanýarlar.
Modulýasia sezewar etmezden hem aralyga berip boljak
habarlar, ýagny äkidiji ulanmazdan iberip boljak habarlar
bardyr. Olara pes ýygylygyň maglumatlary degişlidir, ýöne
modulýasiýa habary bermekligiň mümkinçiligini aşakdaky
sebäplere görä giňeldýändir:
a) Signallary ýygylygy boýunça bölme usuly ulanylýan bir
aragatnaşyk kanalyndan iberiljek habarlaryň sanyny
köpeltmäge ýardam berýär.
Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08880 sek. ýüklenen baýt: 30021