Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Towsulýan ýüp bilen ýerine ýetirlen rekordlar
Ýazylan wagty: 15 мая 2019 Ýazan Mayichka
Towsulýan ýüp bilen ýerine ýetirlen rekordlar:

Towsulýan ýüpüň uly muşdagy hökminde dünýä belli boksçyny Mohammet Alyny görkezmek bolar. Çykyşlarynda ol üç minutlyk raundlaryň 15 –sini (bir mintlik arakesme bilen) bökýärdi, tizligi – bir minutda 220 böküş.
2006-njy ýylyň 12 oktýabrynda 50 000 adam (esasan başlangyç mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary) bir wagtynda Niderlandiýanyň 335 sany mekdebinde 30 sekuntlap böküp durdular.
2006-njy ýylyň 24 martynda toparlaýyn rekord goýuldy. Bir wagtda 7 632 çaga Welikobritaniýanyň we Irlandiýanyň 85 sany dürli meýdançalarynda üç minutlap durman bökdüler. Bu rekord Ginesiň rekordlar kitabyna ýazyldy.
Amerikaly Jeýms Tomnson towsulýan ýüpden 10 sapar bökdi. Böken wagty ol umumy agramy 185 kg deň bolan üç gyzy eginlerinde saklady.
Günorta Koreýanyň Puson şäherinde geçirlen ýaryşlarda 65 ýaşly Pok Pon Ta bir sagadyň içinde 14 628 sapar bökdi, onuň tizligi – minutda 244 böküş.
Ýaponiýaly K. Sudzuku 37 427 sapar böküp, ýüpe bir gezek hem basmady, ol böküşe 4 sagat 22 minut 50 sekunt sarp etdi, onuň tizligi – minutda 142 böküş.
Aşrita Ferman (ABŞ) 24 sagatda (1999-njy ýylyň 23-24ýanwar aralygynda) 130 000 sapar towsulýan ýüpden bökdi.
Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07522 sek. ýüklenen baýt: 29561