Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýagtylygy duýgur abzallar hakda umumy maglumatlar
Ýazylan wagty: 16 мая 2019 Ýazan Mayichka
Ýagtylygy duýgur abzallar hakda umumy
maglumatlar.
Kesgitlemesi. Ýagtylyga duýgur abzallar (optiki
şöhleleri kabul edijiler) diýlip, optiki diapazonda elektromagnit
şöhlelenmegi tapyp bilýän ( duýýan ) hem-de şol şöhleleri
ölçäp bilýän abzallara aýdylýar.
Ýagtylyga duýgur abzallar – elektromagnit
energiýalaryň şöhleleniş hadysasyna esaslanyp, olary başga
elektrik signallaryna, (başga energiýalara, meselem görünilýän
optiki şekillere) öwürip bilýän abzallardyr.
Klassifikasiýalary (toparlara bölünişleri) : Ýagtylyga
duýgur abzallary – fotoelektronly, fotoelektrikli, ýylylykly ýaly
üç topara bölýärler :
1. Fotoelektronly abzallaryň işleýiş prinsipleri daşky
fotoeffektlere hem-de wakuumly ýa-da gaz bilen doldurlan
abzallardaky döredilýän elektrik meýdanynyň täsirinden
hereketlendirilýän elektronlaryň akymyna esaslanýarlar. Käbir
abzallarda bolsa içki fotoeffektler ( widikonlara ) we ýylylyk
effektlere
( Piro-widikonlara ) esaslanýarlar ( Piro-ýanýan, ýangyn –
Grek sözi, Widio-görmek-Latyn, eikon – şekil – Grek sözleri).
Olara degişli abzallar : Telewideniýelerde ulanylýan
elektron şöhlelerini döredýän turbalar, fotoelektronly
köpeldijiler ( FEK ), fotoelementler, elektronly-optiki
özgerdijiler, fotoelektronly özgerdijiler, fotoemissiýaly ýüwrük
(ylgaýan) tolkunlaryň çyralary we başgalar.
2. Fotoelektrikli abzallaryň işleýiş prinsipleri içki
fotoeffektlere hem-de ýarymgeçirijileriň taýýarlanyş
tehnologiýasyna esaslanýar.
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
16 мая 2019

Olara degişli abzallar. Fotorezistorlar, fotodiodlar ýarymgeçirijilerden ýasalan fotoelementler ( Gün elementleri ), fototranzistorlar, fototiristorlar, zarýadlary äkidýän ýagtylyga duýgur abzallar (ZÄÝDA). 3.Ýagtylygyň ýylylyk täsirine has duýgur abzallara ýylylygyň abzallary diýilýär. Ýylylyk abzallarynyň işleýiş prinsipi şöhleleriň ýuwdulan wagty, abzallara edýän täsirinden temperaturanyň garşylygynyň üýtgemeginiň duýgurlygyna esaslanýar ýa-da temperaturanyň üýtgemegi netijesinde birnäçe kristallaryň üstlerinde elektrik zarýadlarynyň toplanýanlygy sebäpli garşylygynyň üýtgeýiş duýgurlygyna esaslanýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04901 sek. ýüklenen baýt: 31073