Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Daşky fotoeffektiň aýratynlyklary
Ýazylan wagty: 16 мая 2019 Ýazan Mayichka
Daşky fotoeffektiň aýratynlyklary :
1. Hemişelik şöhleleriň akymy bilen jisimiň üsti
şöhlä tutulanda fotoelektron emissiýanyň netijesinde döreýän
tok, şol spektral düzümli şöhle akymynyň intensiwligine
(ýitiligine) gönüden-göni baglydyr.
IF = s · Ф
Bu ýerde : IF – fototok , Ф – elektromagnit akymynyň
ululygy ;
s – fotokatodyň ýagtylyga duýgurlygy.
Fotokatoddan uçup (atylyp) çykýan elektronlaryň tizligi
näçe uly boldugyça, şonça-da şöhlelenmegiň  –
ýygylygynyň siňişi uly bolýar ;
 – ýygylygyň artmagy bilen fotoelektronlaryň başlangyç
kinetiki energiýalary göni baglanşygyň kanuny bilen artýar.
2. Fotoeffekt hadysasy diňe şöhleleriň desselenen
ýiti akymy bolanda hem-de  ≥  kriz ýygylyk bilen
şöhlelendirlende ýüze çykýar we döreýär. Bu ýerde kriz –
krizis ýygylygy diýilmeginden başga-da, oňa fotoeffekt
hadysasynyň « gyzyl araçägi » hem diýilýär.
3. Fotoeffekt hadysasyna inersiýasyz diýseň-de
bolýar, sebäbi şöhlelenmek bilen fotoelektronlaryň ýüze çykyp
başlamagynyň aralaryndaky wagt 3·10-9 sekund töweregidir.
Şonuň üçin-de yza galmak (saklanmak) hadysasy ýok diýip
kabul edilýär.
Umuman, islendik metaly, dielektrigi hem-de
ýarymgeçirijini ýagtyldanyňda-da (yşyklandyranyňda-da)
görmek bolýar.
Okalan sany: 63   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
16 мая 2019

Fotogalwaniki effekt – diýlip ýarymgeçirijiden ýasalan nusganyň üstüne şöhle ugrukdyrylanda nusganyň eginlerinde elektrik hereketlendiriji güýjüň (EHG-niň) döremegine aýdylýar. Mysal hökmünde p-n gurluşa seredeliň. Nusganyň pn geçelgesine we bu geçelgäni emele getirýän p hem-de n – böleklerine-de ýagtylyk ugrukdyrylýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06970 sek. ýüklenen baýt: 30832