Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Içki fotoeffektiň aýratynlyklary
Ýazylan wagty: 16 мая 2019 Ýazan Mayichka
Içki fotoeffektiň aýratynlyklary. Içki fotoeffekt
diýilip, krisstalyň içinde birnäçe hadysalaryň bolup geçmegine
aýdylýar. Meselem, elektromagnit akymy kristalyň
gözeneklerinden geçende edýän täsirinden şöhlelendirlen
nusganyň garşylygynyň üýtgemegine aýdylýar.
Içki fotoeffekt dörän wagty elektronlaryň energetiki
ýagdaýy üýtgeýär, kristaldaky toklary erkin alyp baryjylaryň-
da mukdary üýtgeýär ýa-da olaryň çakgan gozganmaklary
netijesinde kristalyň göwrüminiň içindäki zarýadlaryň täzeden
paýlanmaklary bolup geçýär.
Içki fotoeffekt hadysasy diňe ýarymgeçirijilerde we
dielektriklerde bolup geçýär.
Içki fotoeffektler diýlip hasap edilýänler :
a) fotogeçirijilik (fotorezistor effekti) ; b) fotogalwaniki
effekti ;
w) fotoelektromagnit effekti ; ç) ýarymgeçirijiler deňölçegsiz
şöhlelendirlende döreýän effektler.
Fotoelektriki abzallarda ulanylýan içki fotoeffektlerden
esasan hem iki görnüşi has köp ulanylýar, olar fotogeçirijilik
hadysasy bilen fotogalwaniki hadysalarydyr.
Fotogeçirijilik – diýilip, ýarymgeçirijilere şöhle
ugrukdyrylanda nusgada döreýän özara deň bolmadyk dürli
sebäpler bilen döreýän geçirijilikleriň bolçulygy ýüze çykanda
aýdylýar.
Esasy geçirijilik diýlip, ýagtylyksyz (ýagny ýylylygyň
täsiri netijesinde döreýänligi üçin oňa şöhlesiz) ýa-da
tümlükde döreýän geçirijilige diýilýär, sebäbi bu geçirijilik
nusganyň tümlükde duran wagtyna gabat gelýär.
Ýarymgeçirijilere ugrukdyrlan şöhläniň bir bölegi
arassa ýarymgeçirijä zerurlyk üçin harçlanýan (ýuwdulýan)
bolsa, beýleki bölegi ýarymgeçirijiniň düzümine goşulan
garyndylar tarapyndan ýuwdulmagy mümkindir.
Okalan sany: 39   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
16 мая 2019

Tümlügiň togy – Itüml – haýsy-da bolsa belli bir naprýaženiýede şöhläniň ýok wagty ýapyk zynjyrdaky tok bolsa, onda ýagtylygyň togy – Iýagt – haýsy-da bolsa belli bir naprýaženiýede şöhläniň bar wagty ýapyk zynjyrdaky tokdur. 2. Ýagtylygyň häsiýetnamasy – haýsy-da bolsa bir takyk (U=hemişelik) naprýaženiýede IF – fototok bilen ýagtylygyň Ф – akymynyň özara baglanşyklaryna aýdylýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06357 sek. ýüklenen baýt: 31032