Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gadymy Müsür şekillendiriş sungaty
Ýazylan wagty: 16 мая 2019 Ýazan Mayichka
Gadymy Müsür şekillendiriş sungaty
Ilkidurmuş sungatynyň gutarýan döwründe görnüşleriň bir-näçesi döreýär.
Kompozisiýada üýtgeşmeler girizilýär, monumental arhitektura we heýkel şoňa
bagly. Adamy jaýlama däp-dessurlary uly üns berilýär, gabyr depeleri uly ägirt
piramidalar çalyşýarlar. Eger-de öň dini jandara uýýan obrazy adama meňzeýär.
Sungatda bolsa esasan adamynyň obrazy tassyklanýar.
Müsür dünýä boýunça gadymy, emma sungaty boýunça Gadymy Gündaryň
medeniýetine ilkinji goşandyny goşýar. Müsür medeniýeti ýuwaş-ýuwaşdan ösýär,
däp-dessurlary bolsa nesillerden-nesille geçýär.
Müsür sungaty birnäçe döwürlere bölünýär.
Nebereden öňki döwür /14 müň ýyl b.e.ö./
Garyndaşlyk gatnaşyklaryň gowşamagy bilen Müsürde (şeýle hem beýleki
ýurtlarda) oba (gonşyçylyk) jemgyýeti düzülýär, gynansakda ol hakynda kän
maglumat saklanmandyr. Sosial üýtgeşmeleri humlarda goýulan tagmalaryň
kömegi bilen görüp bolar. Başga tarapdan seredeniňde, gazuw agtaryş ileri
geçirilende kiçijik heýkeljikler tapylýar. Ol heýkellerde adamlaryň eli daňykly ýada bolmasa iş edip duran ýagdaýy taraşlanan. Heýkeller boýunça seljerme iş
geçirilende, onda harby adamlaryň ýesirlikde ekspluatirlenmegi we gullar
öwrilendigini subut edýär. Biziň e. ö. 4 müň ýyllykda Müsür jemgyýetinde ösüş
döwri başlanýar, olam obşinanyň bölünmegine getirýär. Müsür aýratyn welaýatlara
bölünýär. Ilki başda oňa golaý nom (welaýat) döreýär. Her nom öz boluşlaýyn
şäher. Ol öz içine obalary, ekin meýdanlary, jülgeleri hem-de ýerli däp-dessury
bilen. Nomyň baştutany “nomarh” (grek dilinde). Ol esasanam ekin meýdanlara,
harby işe we däp-dessura baştutanlyk edýär. Nil suwuny tertipli ulanmak üçin we
umumy Müsür ölçegde peýdalanmak üçin kiçiräk döwletler birlešdirýár.
Okalan sany: 58   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
16 мая 2019

Ýokarky gatlak döwlet apparatynyň berk bolmagyny maksat edinýär, sebäbi gullary, rýadowoý obşinany ýok edilmegi üçin. Ilki bada 2 döwlet döreýär: Ýokarky Müsür (günortada, Nil Jülgesi) Aşaky Müsür (demirgazykda, deltada). Ýokarky Müsür berk we güýçli döwlet bolup çykýar we şol ýeriň şalary demirgazyk welaýatlary, sürüleri. Orta deňze çykmak we pyýada ýollar bilen Aziýa geçmek pikiri bilen öz tabynlygyna basyp almagy niýet edinýärler. Deltany basyp alyp duran parçasyny şifer plitasynda günorta şasy Narmery şekillendiripdirler, ýene-de piktografiýa ýazgylary bilen. Welaýat diýmek – nom diýmegi aňladýar. Her welaýatyň uýýan jandary bar – krokodil, ýylan, ibis. Adam şekili sungatda esasy ýeri eýeleýär. Adam şekili sungatda – hökümdaryň obrazy uly ölçegde, galanlaryň obrazy kiçi ölçegde çekilýär. Suratkeşler belli bir kanunlar boýunça özboluşy monumental surat şekillendirýärler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,15301 sek. ýüklenen baýt: 32313