Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Perikliň hökümdarlyk eden döwri
Ýazylan wagty: 16 мая 2019 Ýazan Mayichka
Meýdançanyň ortasynda boýy 7 metrden ybarat uly heýkel dur. (Afina bagşlanan),
heýkeliň awtory Fidiý. Heýkel meýdançanyň merkezi bolup durýar. Soň ýörelge
Akropolyň iň uly binasy bolan Parfenona ugraýarlar. Ol meýdançanyň Demirgayk
tarapynda ýerleşýär. Parfenon ýeripter tipde gurulan 4 taraplaýyn doriçeskiý
sütünlerden düzülen. Parfenonyň gurluşykçylary Iktin we Kallikrat. Parfenon gyz –
Afina bagyşlanýar. Parfenon relýef kompozisiýalaryny, heýkelleri Fidiý we onuň
okuwçylary ýerine ýetiren. Parfenondan soň meýdançanyň günorta tarapda
ýerleşen Erehteona başlanýar. Bu binaň 4 fasady bar, olar biri-birinden üýtgeşik
(awtory belli däl). Bu ybadathana 2 bölekden ybarat bolup, 2 tekizlikde ýerleşýär.
Erehtony giçki klassika döwrüne degişli diýip çaklama edýärler.
Heýkel
Parfenonyň gözel heýkelleriň awtory Fidiý. 12 metrden ybarat bolan
Afinanyň heýkeli Parfenonda ýerleşipdir. Afinanyň heýkeli owadan bezelen eşikli
we galkana direnip dur, aýagynyň ujynda bolsa ýylan ýatyr (ýylan akyl-paýhasyň
alamaty), sag elinde “ýeňiş hudaýynyň” heýkeli. Heýkel altyndan we pil
süňkünden ýasalan (hrisoelefantin tehnikasy). Gündogar we Günbatar frontlarda
täsin relýef kompozisiýalary şekillendirilen. Gündogar tarapda Afinanyň Zewsiň
agzyndan dogulyşy, günbatar tarapkyda Paseýdon bilen Afinanyň dogulyşy,
kompozisiýalary 3 burç frontonda görseň bolar. Fidiý simmetriýa
kompozisiýalardan el çekýär. Ol has kyn adam hereketlerini şekillendirmäge
mesele goýýar. Frontonlaň birinde 3 sany moýralaň relýef şekili bar (ykbal
hudaýlary, gije hudaýynyň gyzlary). Kompozisiýany ýokary klassikanyň iň uly
derejede ýerine ýetirlen iş diýip hasaplanýar.
Poliklet (heýkeltaraşçy)
5 a.b.er.öň 2 ýarymynda diňe Afinada däl eýsem başga şäherlerde hem,
sungat, medeniýet örän ösýär. Poliklet Argos (pelopones) şäherinden gelip çykan.
Ol öz işlerinde ýaş atletleriň arkaýyn duranlygyny şekillendirmek bilen
gyzyklanma döredýär. Poliklediň derejeli işi “Dorifor” diýip hasaplanýar.
(Naýzaçy). Heýkel bürünçden ýasalan. Şekillendirilen heýkeliň gerşinde naýzany
saklap dur. Poliklediň teoriýa traktady bar “Kanon”. Bu traktadta proporsiýa,
simmetriýa kanunlarynyň üsti bilen adam gurluşy barada aýdylýar.
Parfenon “Diadumen” işi, ýaş atlet özüniň eline ýeňiş ýalygyny dakyp durşy,
heýkeli uly orny tutýar. Çaklama boýunça bu iş giçki klassika degişli.
Ýokarky klassika eser diýip “Nika köwşini çözüp dur” şu işi meselem
getirsek bolar. “Dorifor”, “Diadumen” bilen deňeşdirseň, Nika kyn, owadan
hereketde şekillendirilen. Eserde Nikanyň egilip duranda, köýneginiň epimi
owadan bolup ýere degip, täsin hereketi gözüňe diri ýaly bolup görünýår.
Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
16 мая 2019

5 a.b.er.öň ikinji ýarymynda – şekillendiriş sungatynyň hemme ugurlarynyň ösüşi Polisleriň içinde esasy roly Afina eýeleýär. Perikliň hökümdarlyk, eden wadgty altyn asyr diýip hasaplanýar. Politikada, ekonomikada we medeniýetde uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Binagärlik Perikl döwründe iň owadan, iň täsin arhitektura gurluşygy “Afin akropoly” döredilýär. Akropol – berkidilen baýyrlykda gurulyp, şäheriň üstünden hökümdarlyk, goragçy hökmünde bolupdyr. Bu bina owadanlygyň we akyl paýhasyň hudaýy Afina bagyşlanýar. Afin akropoly Orta ýer deňiz ýanalyp deredilende, deňziň we daglaryň gök öwüşgenleri has hem owadan görünýär. Dini baýramçylyklar we köpçilik merkezi bolup – Akropol hyzmat edýär. Ol ýerde kitaphana, sergi zallary, döwlet pullary ýerleşipdir. Bedew we atlet aýdymçylaryň, sazçylaryň dabaraly çykyşlaryndan soň afinliler Akropola tarap ýörişe ugraýarlar we ýanlary bilen gurban etjek mallaryny äkidýärler. Adamlaryň daş ýodasyndan galyp “Akropola”, onuň Günbatar tarapdan girelgä ugraýarlar. Akropolyň meýdançasyna ädeňde, iki gapdalyňda uly bolmadyk diwarlary bar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07021 sek. ýüklenen baýt: 33182